“Royal Caribbean International” şereketi 2023-nji ýylyň iýunynda dünýädäki iň uly kruiz gämisini synagdan geçirdi we “Deňiz nyşanyny” gurluşyk abatlaýyş kärhanasyna gutarnykly gurluşyk abatlaýyş işlerini tamamlamak üçin yzyna berdi. “Deňiz nyşany” deňiz gämileriniň synaglarynyň ilkinji tapgyrynda ýüzlerçe kilometr ýol geçdi we esasy hereketlendirijileriini, gämi, togtadyş ulgamlaryny, rul, ses we yrgyldy derejelerini synagdan geçirdi. Ýel şertleri sebäpli gidişiň gijikmegine garamazdan hemme zat öz wagtynda ýerine ýetirildi.
“Deňiz nyşanynyň” ilkinji syýahaty 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirildi. Uzynlygy 1198 fut (takmynan 365 metr), ini 159 fut (takmynan 48,5 metr) we 250800 tonna suw sygymy bolan süýşýän 20 gatly gämi, öňki rekord eýesi Deňiz täsinligi bilen deňeşdirilende 6% uly we üç metr uzyn bolar. Deňiz nyşany 7600 ýolagçyny kabul edip bilýär. Bu gämä Ekipaž agzalary bilen birlikde on müňe çenli adam münüp bilýär. Gämide 2805 otag bolup, bortdaky otaglaryň 82% -den gowragy üç ýa-da has köp myhman üçin niýetlenendir, 70% -den gowragy bolsa ýörite balkonlydyr.
Ähli ýaşdaky ýolagçylar üçin ýedi sany basseýn bolup, diňe ulular üçin akwapark, kazino, teatr, buzda typylýan ýer, gijeki klublar, restoranlar we başga güýmenje merkezleri bardyr.
Gämide sekiz çäk-zolagy bar.
Maýami, iň bolmanda 2025-nji ýylyň apreline çenli Deňiz nyşanlarynyň öý portuna öwrüler. Gämi Karib deňziniň gündogarynda we günbatarynda bir hepdeläp ýola çykyp, Bagamadaky Kokokaý adasyna hem baryp geçýär. Ýeri gelende bellesek, bu ada “Royal Caribbean International” şereketine degişlidir. Asyl ady “Little Stirrup Cay” bolan kiçijik adanyň uzynlygy bary-ýogy 1,6 km, ini 450 metr, deňiz derejesinden iň ýokary nokady 11 metrdir. Ýöne jahankeşdeleriň bu ýerde köp lezzet alyp biler: siwilizasiýanyň degilmedik böleginde gezelenç edip, akwaparkda dynç alyp ýa-da iň aňrybaş doňdurmalary saýlap bilerler, howa şarynda gezelenç we ş.m. Deňiz syýasatynyň bahalary adam başyna 1651 dollardan başlaýar.
Islamberdi HAJYÝEW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby