Dark
Light
25.01.2026
e984413d7ad764a6e52bc8c70cb44be0 THE ASHGABAT TIMES

Iň gymmat bahaly pagtalar

16.04.2024

Pagta süýümi, ýetişen pagta gozalarynda tohumlary – pagta çigitlerini örtýän inçe tarlardyr. Ondan alnan sapaklaryň we matalaryň hili bu süýümleriň häsiýetleri bilen kesgitlenýär: uzynlygy, galyňlygy, tekizligi, birmeňzeşligi we gyrymsylygy. Bu görkezijilere görä süýüm näçe gowy bolsa, sapaklar has inçe we ýumşak bolup biler. Matalar has gowy, güýçli we çydamly bolýar. Pagtanyň iň oňat görnüşi, Barbadosdan Müsüre hödürlenen uzyn süýümli Gossypium barbadense pagtasy hasaplanýar. Onuň senagat taýdan ösdürilip ýetişdirilmegi Müsürde başlandy. Şonuň netijesinde, uzyn süýümli pagtanyň ähli görnüşlerine Müsür pagrasy diýilýär.

Emma häzirki wagtda onuň paýy dünýädäki pagta önümçiliginiň 4% -inden köp däldir. Müsürde ösdürilip ýetişdirilýän uzyn süýümli pagtanyň iň gymmat görnüşleri Mako we Giza bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, mako pagtadan ýasalan mako-atlaz ýa-da Şweýsariýa atlazy giňden tanalýar.

20-nji asyryň başynda Demirgazyk Amerikada uzyn süýümli pagtany ösdürip ýetişdirmek synanyşyklary üstünlikli amala aşdy. Pima indeýleriniň kömegi bilen alnan pagtanyň bu görnüşine Pima pagtasy diýildi. Ýöne iň saýlama we gymmat bahaly görnüş ýarym asyrdan soň alnan Supima boldy. Ondan ajaýyp, ýylmanak, inçe we çydamly başgaça “Lýuks synp” matalaryny öndürýärler. “Supima” düşek ýorganlaryny diňe iň baý müşderiler alyp bilerler.

Häzirki wagtda Pima pagta diňe bir ABŞ-da däl, Peruda, Ysraýylda we Awstraliýada hem ösdürilip ýetişdirilýär. Emma ondan öndürilen dokma önümleri henizem gymmat bahaly segment önümlerine degişlidir.

Oguljennet ORAZMUHAMMEDOWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýer ýüzünde iň uly çöl

img 7051 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hokkeý oýnunyň taryhyndan

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop