Ýokary naprýaženiýalary: üýtgeýän we hemişelik; olaryň pursatlaýyn, orta, maks, täsir ediş bahalaryny, ululyklaryny, derejesini ölçemek üçin dürli ölçeýji abzallar peýdalanýarlar. Ölçeýji abzallar ölçenilýän ýerine gönümel özi ýa-da kömekçi enjamlar bilen birleşdirilýär. Ölçeýji enjamlardan: dürli konstruksiýaly woltmetrler, ossillograflar, özi ýazýan priborlar, şar görnüşli zarýadsyzlandyryjylar; kömekçi enjamlardan naprýaženiýe bölüjileri:sygym,garşylyk,sygym-garşylyk esasynda işleýän enjamlar peýdalanylýar. Ölçeýji enjamlaryň hemmesinden edilýän talap Ýalňyşlygy örän kiçi bolmaly.
Şar görnüşli ölçeýji zarýadsyzlandyryjylar zawodda ýasalandan soň şarlaryň ululyklaryna baglylykda böwsülmek naprýaženiýanyň grafigi gurulýar we ol pasportynda ýerşleşdirilýär. Ölçeg wagtynda şarlaryň aralaryny takyk ölçäp şoňa görä ölçelýän naprýaženiýanyň ululygykesgitlenilýär.
Pasportda elektrotlaryň gorizontal (keseligine ýa-da wertikal) dikligine ýerleşdirilmelidigi görkezilýär. Eger-de şol düzgün saklanylmasa geçirilen ölçeg nädogry hasap edilýär.
Ýaran KÖSAÝEW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň mugallymy