Dark
Light
25.01.2026
fohnrdfx4vdjv9ej2vht8ctbsjwfrx 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

17.04.2024

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan edip, doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Däp bolan ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy. Medeniýet we sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, bilelikdäki Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy-döredijilik forumlarynyň hem-de beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diplomaty Türkmenistanda işläp başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY
IŞLER MINISTRLIGI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fhtzvtcz93iiqwvnq9rqr338hx4ewj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nýu-Ýork şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi

tccopp6wfttvp96hhcdeyvl3wri5cd 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop