Orkestr Tahyr Ataýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 13-nji iýunda “Watan” kinokonsert merkezinde geçiriljek “Möwsümler” konsertine çagyrýar.
Meýilnama boýunça Antonio Wiwaldiniň we Maks Riçteriň eserlerini diňleýjilere ýetirerler.
“Möwsümler” – XVIII asyrda wenesiýaly kompozitor Antonio Wiwaldi tarapyndan ýazylan skripka konsertleriniň ýygyndysy. “Möwsümler” eseri Wiwaldiniň iň meşhur eserleriniň birine öwrüldi.
Onlarça çeper we dokumental filmleriň aýdym-sazlarynyň awtory hökmünde tanalýan häzirki zaman iňlis kompozitory Maks Riçter Wiwaldiniň eserini gaýtadan ýazdy. Ol ilkinji gezek “Möwsümler” eseriniň gaýtadan işlenen görnüşini 2012-nji ýylda ABŞ-da görkezdi.
Orkestr Tahir Ataýewiň sazandalary tomaşaçylary bu taryh bilen tanyşdyrarlar.
Konsert sagat 19:00-da başlanar.
Petekleri satyn almak üçin şu belgiler bilen habarlaşyp bilersiňiz: 55-90-15; (+99362) 532871.
“Watan” kinokonsert merkezinde Tahyr Ataýewiň çykyşy
Soňkylar Habar
Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy geçirilýär
Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek Awazada küşt boýunça ýaryş badalga aldy. Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagy «Gran-pri 2025» atly ýaryşyň 5-nji tapgyryny kabul
Türkmenistanda 11 – 13-nji dekabr günleri iş güni däl diýip yglan edildi
Düýn, 5-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň
Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn ― 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III
Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular
Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84
UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi.