«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi öz işine başlady

25.05.2024

Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de Arkadag şäheriniň gurulmagyna, “akylly” şäher tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan.

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 24-25-nji maý aralygynda – 09:00 – 18:00

Sergä gatnaşyjylar.

Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri.

Eksponatlar.

Ýurdumyzda öndürilen, importyň ornuny tutýan dürli görnüşli gurluşyk harytlary, azyk önümleri, mebelleri, halkyň sarp edýän beýleki hojalyk harytlary bu serginiň esasyny düzerler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:39 am, Sep 20, 2024
temperature icon 20°C
небольшая облачность
Humidity 42 %
Pressure 1018 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

ITEA “Programmirlemegiň esaslary” tomusky kursyna 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Next Story

Şu gün Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirilýär

Soňkylar Habar

GitTop