Garaşsyzlyk döwri içinde dürli akabalary, suwaryş ulgamlaryny dikeltmek, abatlamak we täzelerini gurmak boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça suwaryş ulgamynyň jemi uzynlygy 43 müň kilometr gowrak bolup, onuň 7,9 müň kilometri hojalygara we 34,2 müň kilometri içki hojalyk ulgamlaryna, 1100 km baş akabamyz hem göz-guwanjymyz bolan Garagum derýasyna degişlidir.
Ýurdumyzyň zeýkeş ulgamlarynyň ähli möçberi 36,3 müň kilometre ýetýär. Zeýkeşlere we olardaky suw desgalaryň toplumyna zeýkeş ulgamlary diýilýär. Suwarymly ýerlerde kese, dik we garyşyk zeýkeş ulanylýar.
Zeýçiňiň görnüşini geologiki, ýerasty suwuň şertleri, toprak, topografiki we meýdanyň hojalyk şertlerine baglylykda, tehniki-ykdysady hasaplamalaryň esasynda saýlap alýarlar. Näme maksat üçin gurulýandygyna we zeýçiniň suwarymly ýerlerde ýerleşdirilişine hem-de ýerasty suwuň suw bilen üpjün edilişine baglylykda zeýkeş ulgamlary şu aşakdakylara bölünýär: başdaky, bölekleýin we kesiji. Başdaky zeýkeş suwarymly ýerlerde belli bir dereje endigan ýerleşýän zeýkeş ulgamlarydyr.
Altyn asyr Türkmen kölüniň taslama maglumatlary bilen içgin tanyşanyňda, onuň möçberleri özüniň äpetligi bilen akylyňy haýran edýär. Türkmen kölüne barmaly ähli şor suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2654 kilometre barabardyr. Şol sanda onuň 720 kilometri bäş welaýata degişli baş şor suw akabalaryndan, galan 1934 kilometri bolsa, onuň goşmaça eltiji gollaryndan ybaratdyr.
Altyn asyr Türkmen köli Garagum sährasynyň öri meýdanlaryny suwlulandyrmaga, tarp ýerleri ekerançylyk maksatlary üçin özleşdirmäge, balykçylygy ösdürmäge, jöwzaly hem guraksy howany salkynlatmaga, çyglandyrmaga we hoştap ýumşatmaga amatly şertleri döreder. Onuň çäklerinde täze-täze oturymly ilatly ýerleriň, maldarçylyga, ekerançylyga we gazylyp alynýan baýlyklary çykarmaga ýöriteleşdirilen birnäçe täze etraplaryň dörediljekdigi bellidir. Tebigy süzgüç şertleriniň, ýörite suwy süýjedýän desgalaryň, şeýle-de has netijeli usullaryň kömegi bilen minerallaşan şor suwlaryň ýaramly derejä ýetirilip, bu sebitde ekerançylyk pudaklarynyň, bagçylygyň, üzümçiligiň ösdürilip, bagy-bossanlyga öwrüljek wagty, gaýtadan işleýän senagatyň dörejek pursaty uzakda däldir. Türkmen suwçy we ekerançy alymlarynyň şor suwlar bilen süýji suwlary goşup dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag hem önümçilik işleri, Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitlerinde öz mynasyp amalyýetlerini tapar.
Begdurdy HUDAÝBERDIÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba-hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy