Dark
Light
28.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Nyrh üýtgemelerine täsir edýän faktorlar

23.04.2024

Örän möhüm tapgyrlaryň biri islegi we onuň beýleki faktorlara baglylygyny kesgitlemekdir.

Tejribede islegiň egrisiniň hereketini kesgitlemeklik ýeterlik derejede çylşyrymlydyr. Adatça, kompaniýa satuwlar boýunça mar-keting gözegçilikleriniň maglumatlarynyň esasynda islegiň egrisiniň birnäçe nokatlaryny kesgitläp biler hem-de onuň häsiýetini takmynan bahalandyryp biler, emma anyk maglumatlary almak, köplenç, çylşyrymly bolýar. Bu prosesde kömek edip biljek täze gurallaryň biri – internet-auksionlardyr, emma olar hem bu soraga hemişe gutarnykly jogap berip bilmeýärler. Şol sebäpli islegiň derejesini kesgitlemeklige ilkinji ädim etmek üçin sarp edijiniň nyrhlaryň üýtgemegine täsir edýän faktorlary seljermek gerekdir, olara şu aşakdakylar degişlidir:

1.Unikal (ýeke-täk) gymmatlyk – eger harydyň has tapawut-ly aýratynlyklary bar bolsa, onda alyjylar nyrha az-kem duýgurdyrlar;
2.Deregini tutujylar barada habarly edilmegi – eger harytlar–substitutlar (öwezini tutýan zatlar) barada, ýagny alternatiw harytlar we hyzmatlar barada alyjylar pes habarly edilen bol-sa, olar nyrha pes duýgurdyrlar;
3.Deňeşdirme mümkinçiligi – haçanda alyjylaryň haryt-substitutlaryň (öwezini tutýan zatlaryň) hilini deňeş-dirmeklige mümkinçilikleri bolmasa, olar nyrha pes duý-gurdyrlar;
4.Nyrh-hil gatnaşygynyň täsiri – eger haryt has ýokary hilli, abraýly ýa-da aýratyn häsiýetli bolsa, alyjylar nyrha az-kem duýgurdyrlar.

Indi bu nyrh üýtgemeleriniň faktorlaryna internet torunyň täsir edişine seredip geçeliň.

Wepa ÖWEZOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1111 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gözleg ulgamlaryny saýlap almak

scout girl in concentration THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ünsüň fiziologik esaslary

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop