Dark
Light
25.01.2026
220424 005 THE ASHGABAT TIMES

Ýaş türkmenistanlylar rekruting boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

23.04.2024

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) rekruterleri taýýarlamak boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýär. Treningi üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara hususy kompaniýalarda işe ýerleşmek mümkinçilik beriler.

Maksatnamanyň maksady gatnaşyjylara rekruter bolmak üçin zerur bolan amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Rekruter – işgärleri gözleýän we işe saýlap alýan hünärmendir. Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar treningler we tejribelik geçerler hem-de gatnaşyjylaryň işe ýerleşmegine ýardam bermek üçin iş ýarmarkasy geçiriler.

Maksatnamanyň amala aşyrylyşynyň möhleti 2024-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli. Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Maksatnamanyň ýerleri çäkli we gatnaşyjylary bäsleşlik esasynda kesgitlener. Maksatnama tölegsiz esasynda geçirilýär.

Gatnaşmak üçin ýüz tutma formasyny 2024-nji ýylyň maý 13-ne sagat 14:00-a çenli doldurmaly. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

04232024 usembassy press release atch 2 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

USAID “DÖWLETI DOLANDYRYŞ ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE ÝARDAM BERMEK” TASLAMASYNYŇ JEMLEÝJI ÇÄRESINI BELLEÝÄR

bilim zhurnal00 thumb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

MILLI ŞAHYRYMYZ GAZAGYSTANDA

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop