«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň halyçylarynyň dokan ajaýyp eserleri bilen bir hatarda, döwlete dahylly bolmadyk pudagyň iri kärhanalarynyň biriniň — “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gadymy usullar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlan döwrebap haly önümleri görkezilýär. Telekeçi zenanlaryň sergide görkezýän sowgatlyk önümleriniň toplumy haly gölleriniň sazlaşygy, nepisligi we aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen sergä gelýänleriň ünsüni çekdi. Zenanlarymyz bu günki gün halyçylyk, syýahatçylyk pudaklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Özbegistandan, Owganystandan gelen myhmanlar tarapyndan sergide görkezilýän önümleriň hatarynda nusgawy gölli we dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar. Olaryň arasynda gadymy türkmen halylarynyň gaýtadan dikeldilen nusgalary esasynda döredilen täze nepis görnüşleriniň, külalçylyk önümleriniň hem bardygyny bellemek gerek.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly ada mynasyp bolanlar milli mirasymyzy gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Olar döredijilikli zähmet çekmek, gadymy sungatyň inçe tärlerini geljek nesillere ýetirmek, zehinli halyçylary taýýarlamak babatda ähli mümkinçilikleriň döredilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.