Dark
Light
24.01.2026
haly 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

27.05.2024

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annabegi Nurýagdyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ýazgül Annaberdiýewna Begliýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýagül Halykowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ogulbibi Tirkeşowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Jümagül Aşyrgulyýewna Mahramowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Rehmegül Jumageldiýewna Galkanowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Jeren Hydyrgulyýewna Taňyrberdiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Dursun Çarýardurdyýewna Mämedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Aýjemal Kerimowna Pirimkulyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň halyçysy Gyzlargül Borjakowna Amannazarowa.

Ýeri gelende bellesek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpden hem, Watanymyzda dünýä meşhur halylary dokaýan çeper elli halyçylarymyzyň yhlasly zähmetine ýokary baha berilýär.

gov.tm

Leave a Reply

Your email address will not be published.

birja THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy

p anq9gbi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, awtobanyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginde 335 kilometre welosipedli ýöriş geçiriler

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop