kiїvska tecz 5 vzimku THE ASHGABAT TIMES

Ýylylyk elektrik stansiýalary

28.05.2024

Ýylylyk energiýasyny özgertmeklik bilen baglanşykly hemme hadysalar, mysal üçin, ýylylygyň mehaniki energiýa öwrülmegi, ilki seredeniňde örän ýönekeý ýaly görünýär, emma üns berip öwrenilende bolsa çuňňur bilim talap edýän köp soraglar ýüze çykýar.

Ýangyç we adatça okislendiriji bolup hyzmat edýän gyzdyrylan howa gazanyň ot ýanýan ýerine (ojagyna) üznüksiz gelýärler. Ýangyç hökmünde köplenç kömür, şeýle hem ýangyjyň slanes ýaly arzan görnüşleri ulanylýar. Şu wagta çenli tebigy gaz we nebiti gaýtadan işlenilende alynýan önüm bolan mazut (ýagny, has takyk aýdylanda, nebitden benzin, kerosin we beýleki ýeňil fraksiýalaryň bölünip aýrylandan soňraky emele gelen çökündi) örän giňden peýdalanylýar.

Ýangyjyň ýanmagy netijesinde emele gelýän ýylylygyň hasabyna bug gazanyndaky suw temperaturasy 550oC golaý buga öwrülýär. Emma,buguň temperaturasy 550 gradusdan geçse, gurnamanyň has jogapkärli (ýokary temperatura bilen birlikde uly mehaniki güýç täsir edýän) detallaryny ýokary hilli gymmat bahaly metallardan ýasamaly bolýar. Metala sarp ediljek ýokarlandyrylan harajady peýdaly täsir koeffisiýentdäki utuş bilen öwezini dolup bolmaýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda buguň başlangyç temperaturasyny 550C ýa-da köplenç 540C edip çäklendirýärler.

Suw bugy gazandan, buguň ýylylyk energiýasyny mehaniki energiýa öwürmäge hyzmat edýän, bug turbinasyna barýar.

Turbinada buguň ýylylyk energiýasynyň mehaniki energiýa öwrülişine garalyň. Uly ýylylyk energiýasy bolan ýokary basyşly we temperaturaly bug gazandan turbinanyň soplasyna barýar. Soplalar diýip, gymyldamaz ýaly edilip berkidilen (turbinanyň oky bilen bilelikde aýlanmaýan) metaldan ujy inçeldilen turbalara aýdylýar. Soplalarda buguň temperaturasy we basyşy peselýärler, diýmek, onuň ýylylyk energiýasy hem peselýär. Emma oňa derek bug akymynyň tizligi ulalýar. Başga söz bilen aýdanymyzda, buguň ýylylyk energiýasynyň peselmeginiň hasabyna onuň mehaniki (kinetik) energiýasy artýar.

Bug çüwdürimi ýokary (köplenç, sesiň tizliginden hem ýokary) tizlik bilen soplalardan üznüksiz akýar we turbinanyň oky bilen jebs birikdirlen işçi pilçelere urulýar. Ok, disk we işçi pilçeler bilelikde uly hemişelik tizlik bilen aýlanýarlar. Turbinalaryň köp görnüşlerinde buguň temperaturasy we baryşy işçi pilçelere üýtgemeýär. Emma bug akymynyň tizligi, onuň mehaniki energiýasy hemişe azalýar. Işçi pilçeleriň arasyndaky kanal egri çyzyklydyr. Bug akymy şol kanal boýunça geçip ugruny we tizligini üýtgedýär: merkezden daşlaşýan güýç esasynda ol pilçäniň oýuk üstüne basyş deredýär. Şunuň netijesinde bolsa pilçeler, disk, ok –rotor durşuna aýlanyp başlaýar. Şeýlelikde, bug akymynyň mehaniki energiýasy turbinanyň, has takygy, turbogeneratoryň rotorynyň mehaniki energiýasyna öwrülýär, sebäbi turbinanyň we generatoryň oklary özara birikdirlendir.

Begenç GARABEKOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
978ac2a4e271dbb6776f19aa302a3d58 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gaz pudagynda Türkmenistan-Gazagystan işewürlik gatnaşyklary

23dbd17627d44b17d8d55ecc2fd70c5e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Elektrik energiýasy, lomaý bazara gatnaşyjylar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop