Jaýlaryň binýatlarynyň görnüşlerine we olaryň klassifikasiýalarynyň aýratynlyklaryna düşünmek, haýsydyr bir jaý gurlanda örän möhümdir, sebäbi binanyň hyzmat ediş möhleti hem, howpsuzlygy we ygtybarlylygy hem şoňa baglydyr. Jaýyň binýady adatça aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär: binanyň ýerleşýän berk we tekiz esasyny döredýär; jaýyň deň derejede ýerleşmegine mümkinçilik berýär; ýüküni binadan gurlan ýerine geçirýär we paýlaýar. Gowy saýlanan binýat bolmasa, howpsuz we ygtybarly jaý gurmak mümkin däl. Jaýlaryň we binalaryň gurluşygynda aşakdaky görnüşler köplenç ulanylýar, lenta görnüli; sütün – stakan görnüşli; gazyk we plita görnüşli binýatlar. Geliň binýatlaryň (fundamentleriň) görnüşlerine jikme- jik seredip geçeliň:
Lenta görnüşli fundament. Köplenç topraga batan beton zolaklara meňzeýär. Şeýle lenta binýatlar “ýassyk” diýilýän dykyz gumyň üstünde ýerleşdirilýär. Olar jaýyň daşky we içki diwarlarynyň astynda gurnalýar. Bu binýatlar güýçli, çydamly we ýüklere gowy çydap bilýänligi sebäpli, hususy jaýlar üçin iň meşhur wariantlaryň biri hasaplanýar. Bu görnüşli binýatlar köplenç adaty häsiýetli toprak üçin ulanylýar. Toprak gaty çyg bolsa ýa-da pes göterijilik ukybyna eýe bolsa, beýle binýat jaý gurmak üçin amatly bolmaz.
Bu binýadyň başga bir aýratynlygy uzak gurnama bolup durýar: beton güýçlenýänçä we gatylaşýança belli bir wagt garaşmaly.
Sütün -stakan görnüşli fundament. Jaý üçin binýadyň bu görnüşi dürli gurluşyk materiallaryndan ýasalan sütünlerden durýar. Sütünler betondan, ýere çuň gömlen kerpiçden ýa-da daşdan ýasalyp, daşarky we içki diwarlaryň geljekde ýerleşýän ýerine ýerleşdirilip bilner. Adatça bu görnüş agaç jaýlarynyň gurluşygynda ýa-da karkasly binalarda ulanylýar.
Olaryň esasy artykmaçlygy býujetdir. Ahyrky çykdajylae boýunça sütün binýady lenta-zolak binýadyndan birnäçe esse arzan bolup çykýar. Gurnamak prosesi hem has çalt amala aşyrylýar.
Gazyk fundamentler. Jaý üçin binýadyň bu görnüşi ýere “kakylýan” sütünlerden durýar. Gurluşykda ulanylýan beýleki binýatlar bilen deňeşdirilende onuň iň möhüm artykmaçlygy köp taraplylygydyr. Bu görnüş islendik binanyň ýa desganyň gurluşygy üçin amatly: hususy jaý, uly göwrümleýin binalar üçin we köprüler üçin. Şeýle fundamentler topragyň görnüşlerini we ýerlerini saýlanok. Jaý çygly we toýun toprakda ýa-da gaty bir deňsiz ýerde gurlup bilner.
Plita görnüşli fundament. Iň çydamly we iň gymmat binýadyň görnüşidir. Binanyň aşagyndaky ähli meýdany betonlaşdyrmak arkaly gurnalan binýatdyr. Başgaça, ýüzýän fundament hem diýilýär, sebäbi plita aýazyň “tolkunlaryna” düşüp, aňsatlyk bilen ýokary galýar we jaýyň gurluşyny ýykmazdan hereket edýär.
Daýanç HAITOW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby