23dbd17627d44b17d8d55ecc2fd70c5e THE ASHGABAT TIMES

Elektrik energiýasy, lomaý bazara gatnaşyjylar

29.05.2024

Elektroenergiýa (ýa-da elektrik energiýasy), generator tarapyndan elektrik toruna berilýän ýa-da sarp ediji tarapyndan tordan alnan elektrik energiýasynyň mukdaryny kesgitlemek üçin tehnologiýada we gündelik durmuşda giňden ulanylýan fiziki adalga. Elektrik energiýasyny öndürmek we sarp etmek üçin ulanylýan esasy ölçeg birlik- bu  kilowatt-sagatdyr (we onuň birligine kratny birliklerdir). Has takyk düşündiriş üçin naprýaženiýe, ýygylyk we fazalaryň sany (üýtgeýän tok üçin), nominal we iň ýokary elektrik togy ýaly görkezijiler ulanylýar.
Elektrik energiýasy, şeýle hem lomaý bazara gatnaşyjylar (energiýa satyn alýan kompaniýalar we uly lomaý sarp edijiler) tarapyndan ony öndürýän kompaniýalardan we energiýa satuw kompaniýalaryndan satyn alynýan önümdir. Halkara söwdasynda elektrik energiýasynyň bahasy, adatça bir kilowat sagatda sentde ýa-da müň kilowatt-sagatda dollar bilen aňladylýar. Elektrik energiýasy: Önümçiliginiň, iberilmeginiň, paýlanyşynyň we sarp edilişiniň tehnologiki prosesinde ulanylýan naprýaženiýeniň täsiri astynda elektromagnit meýdanynyň iş etmek ukyby.
Dünýädäki elektroenergiýa önümçiliginiň dinamikasy (ýyl – mlrd kwt*sag)
1890 — 9
1900 — 15
1914 — 37,5
1950 — 950
1960 — 2300
1970 — 5000
1980 — 8250
1990 — 11800
2000 — 14500
2005 — 18138,3
2007 — 19894,9
2013 — 23127
2014 — 23536,5
2015 — 24255
2016 — 24816
Dünýäde iň köp elektrik energiýasyny öndürýän ýurtlar degişlilikde dünýä önümçiliginiň 24% we 18% düzýän Hytaý we ABŞ, şeýle hem önümçiligi ondan 4 esse pes bolan ýurtlar – Hindistan, Russiýa we Ýaponiýa. 2012-nji ýyldan bäri Hytaý ýyllyk elektrik energiýasyny öndürmekde öňdeligi eýeläp gelýär. 2016-njy ýylda 6,14 trillion kWt energiýa öndürip, dünýä önümçiliginde rekord derejä ýetdi.

Şadyýan SAPAROW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
kiїvska tecz 5 vzimku THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýylylyk elektrik stansiýalary

overthink 7619403 960 720 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Siz muny bilýärmisiňiz?!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop