Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

30.05.2024

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şunda milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, döwletimiziň degişli halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde alyp barýan ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Zenanlar hakynda alada etmek, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, çagalary goramak Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň zenanlarynyň öz hünärini erkin saýlamagy, mynasyp bilim almagy, çagalaryň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyz aýal-gyzlaryň, çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny anyk işler bilen subut edýär.

Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmen tarapy OHCHR-nyň adam hukuklary babatynda milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandynyň, hususan-da,                         «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ihxqufgbtjuuvegz0j0rv8ai8ftb3bubcqrryp3m THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

656ae8398be0c237015948 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop