Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Kataryň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji ilçisi Al-Remaihi Ganem Abdullanyň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykda ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagyna garaşylýandygy mälim edildi.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda howa gatnawy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem duşuşykda göni we üstaşyr uçuşlary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi we Kataryň “Qatar Airways” milli awiakompaniýasy üçin Türkmenistanda nyrhlar hem-de hyzmatlar baradaky maglumatlary öz içine alýan mahabatlary guramak teklip edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Katara gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza almagyny aňsatlaşdyrmak üçin onlaýn hyzmatdan peýdalanyp boljakdygy hem bellenildi.