deti v turkmenistane THE ASHGABAT TIMES

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni

31.05.2024

Her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda giňden bellenilip geçilýär. Bu iň gadymy halkara baýramçylyk bolup, ony ilkinji gezek 1925-nji ýylda çagalaryň abadançylygyna bagyşlanan Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilýär. Çagalar güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda geçirilýär. Çagalaryň meselelerine köpçüligiň ünsüni çekmek, bu halkara gününiň esasy maksady bolup durýar.
Çagalaryň ähli hukuklary we azatlyklary bolsa, 1959-njy ýylda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Çaga Hukuklary Jarnamasynda öz beýanyny tapýar. Jarnama jemgyýetiniň gelip çykyşyna, milletine, emläk ýagdaýyna, derisiniň reňkine garamazdan, ähli babatda çagalaryň deň hukuklaryny yglan edýär.
Bütin dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýan haýyr-sahawat fondlary hereket edýär. Ýalňyz çagalara kömek etmek üçin serişdeleriň ýygnalmagyna bu fond gözegçilik edýär.
Çagalary goramagyň halkara güni biziň ýurdumyzda hem giň gerimde bellenilýär. Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne buýsanyp ýaşaýan bagtly çagalaryň ülkesi. Biziň ýurdumyzda çagalar üçin uly mümkinçilikler döredilýär, ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Goý, eziz ýurdumyzda çagalaryň gülki sesleri belenden-belent ýaňlansyn!

Yslam DURDYMYRADOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ggg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Bal süýji, baldan-da bala süýji”

jjjj THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri”

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop