Dark
Light
24.01.2026
jjjj THE ASHGABAT TIMES

“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri”

31.05.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň fewral aýynda geçen taryhy mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ösüşleriň täze tapgyryny esaslandyrdy. Öňde goýlan milli we döwlet maksatnamalarynyň we amala aşyrylýan iri taslamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat, durmuş we medeni maksatly desgalaryň köp sanlysy guruldy we gurulýar, şäherlerimiz hem-de obalarymyz batly depginlerde döwrebaplaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurlan Arkadag şäheri Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Arkadag şäheri döwrebap, dünýäniň iň öňdebaryjy innowasiýalaryna esaslanýan binalar toplumydyr.
Halkymyzyň amatly, rahat, howpsuz durmuşyny üpjün edýän, ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerdäki ösüşlerini äleme äşgär edýän türkmeniň döreden gymmatlygydyr. Arkadag şäheri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasydyr. Arkadag şäheriniň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýän ajaýyp durmuşyna ser salanyňda, berkarar Diýarymyzyň ykdysady we medeni ösüşleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň dünýä derejesindäki ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Arkadag şäheri döwrebap, dünýäniň iň öňdebaryjy innowasiýalaryna esaslanýan binalar toplumydyr. Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Näzik MÄMMEDOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

deti v turkmenistane THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni

29aefc5f7ac35bf86f860ad509fcff61 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalar – biziň geljegimizdir

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop