607035c666937315322790 THE ASHGABAT TIMES

Pul näme?

31.05.2024

Pul – harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň bahasynyň ölçegi hökmünde hyzmat edip, olar üçin aňsatlyk bilen çalşylýan umumy ekwiwalentlik. Pul özüniň görnüşi boýunça ýörite önüm, gymmat bahaly kagyz, gymmatlyk nyşany, dürli bähbitler ýa-da gymmat bahaly zatlar, şeýle hem ýazgyly hasaplar görnüşinde bolup biler. Puluň esasy wezipeleri aşakdakylar ýaly tapawutlandyrylýar: alyş-çalyş serişdesi, hasap birligi, goraglylyk guraly. Birnäçe ykdysatçylar puluň gymmatlyk standarty (töleg standarty) funksiýasyny hem belläp geçýär.

Taryhy taýdan, ilkinji pullar haryt häsiýetli bolupdy, ýöne häzirki zaman pul ulgamlarynyň hemmesi diýen ýaly fiziki haryt hökmünde göni sarp etmek üçin ulanyp bolmaýan pullara – kagyz pullaryna, çeklere ýa-da weksellere, şol sanda, elektron görnüşindäki pullara esaslanýar. Şeýle pullar töleg serişdesi hökmünde kanuny yglan edilip, öz gymmatyna eýe bolýar. Ýagny, olaryň fiziki görnüşi we dolanyşyk usullary kanun bilen kadalaşdyrylýar hem-de döwletiň çägindäki ähli borçnamalar üçin töleg hökmünde kabul edilmelidir.

Ýurduň pul üpjünçiligi kesgitli bir maksat üçin ulanylýan nagt pullardan (banknotlar we teňňeler) we nagt däl pullaryň bir ýa-da birnäçe görnüşinden (sarp edijileriň öz hasaplaryndaky galyndylar, tygşytlylyk hasaplary we bank hasaplarynyň beýleki görnüşleri) ybaratdyr. Nagt däl pullar ösen ýurtlaryň giň pul üpjünçiliginiň esasy bölegini emele getirýär.

Taryhy maglumatlara göra ilkinji kagyz pullar Hytaýda emele gelipdir. Olaryň döränine eýýäm 25-26 asyrdan gowrak wagt geçipdir.

Kagyz banknotlaryň ortaça ömri 3-5 ýyl hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa 1821-1825-nji ýyllarda Alýaskadaky rus-amerikan şereketi tarapyndan öndürilen düwlen derisinden ýasalan pullaryň 40-a golaýy häzirki günlerimize çenli saklanyp gelendir.

Ylýas BABAÝEW
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
29aefc5f7ac35bf86f860ad509fcff61 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalar – biziň geljegimizdir

link 2024 05 31 21 02 36 666 18 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Aýmelek kids” söwda dükany çagalar güni mynasybetli arzanladyşlaryny ildeşlerimize hödürleýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop