Gazagystanyň «Astana» diplomatiýa kluby türkmen telekeçilerini Astana we Almata şäherlerine guraljak işewürlik saparyna çagyrýar. Işewürlik saparynyň şu ýylyň 24 –27-nji iýunynda guralmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, işewürlik saparynyň çäginde Gazagystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri we hususyýetçileri bilen duşuşyklar, senagat kärhanalaryna baryp görmek hem-de beýleki işewürlik çäreleri meýilleşdirilýär.
«Astana we Almata şäherlerine guraljak işewürlik sapary türkmen telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlary tapmak, geljegi uly bolan Gazagystanyň bazaryna girmek we öz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir» diýip, çeşmede bellenilýär.
Bu barada «nCa» portaly habar berdi.
Işewürlik saparynyň maksatlary:
— Türkmen telekeçilerini Astana we Almata şäheriniň işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak.
— iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak.
— täze hyzmatdaşlary tapmaga we özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga şert döretmek.
Işewürlik saparyna gatnaşmak isleýän türkmen telekeçileri «Zemin syýahat» hojalyk jemgyýetine ýüz tutup, goşmaça maglumat alyp bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgisi : +993 62 60 68 85.
Ýeri gelende bellesek, «Astana» diplomatiýa kluby 2023-nji ýylda 2 gezek, 2024-nji ýylda bolsa 1 gezek gazak hususyýetçileriniň Türkmenistana işewürlik saparyny gurapdy. Şeýle-de bu klub tarapyndan şu ýylyň fewral aýynda türkmen işewürleriniň Gazagystana işewürlik sapary amala aşyryldy.