e31mxyRTsVE4VgPSNNiJ1M7xbcG3lv 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy

21.02.2024

2024-nji ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.

c0rlwyzefndaJOc20V8EECFDqZJFQj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Duşuşygyň barşynda taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işi bu hyzmatdaşlygyň ösüşinde uly orun eýeleýär.

Taraplar ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1144 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Goçmyrat – Sen gidersiň (Seýran Seýitmämmedow)

hytay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaýyň ençeme etraplarynda gar we ýagyş sebäpli adatdan daşary ýagdaýlaryň howsalasy berildi

Soňkylar Habar

GitTop