Dark
Light
25.01.2026
Garuda Wisnu Kencana Statue THE ASHGABAT TIMES
default

Dünýäniň iň uly ýadygärlikleri

22.02.2024

Dünýäniň iň beýik heýkeli adyny alan Jebislik heýkeli Hindistanda ýerleşip, onuň beýikligi 182 m. Ol ABŞ – daky Azatlyk heýkelinden hem iki esse beýikdir. Bu monument desgasy Hindistanyň iň görnükli syýasy liderleriniň biri bolan Sardar Wallabbhaý Pateliň hormatyna bina edilendir. Heýkel bürünçden ýasalyp, demirbeton esasda oturdylandyr. Şunlukda onuň umumy beýikligi 240 m beýiklige baryp ýetýär.
Bahar ybadathanasynyň Buddasy heýkeli Hytaýyň Luşan welaýatynyň Tsaosun şäherinde ýerleşýär. Bu ägirt uly heýkeliň beýikligi 128 m deň bolup, ýörite materialdan taýýarlanan “gülden örülen tegelek münberde” oturdylan. Bu bolsa monumentiň beýikligini 153 m çenli ulaldýar. Ýene-de onuň üstüne baýryň beýikligini hem goşsak, desga jemi 208 m beýikligi emele getirýär. Heýkel misden we polatdan ýasalyp, onuň bezegi üçin 100 kg çenli altyn sarp edilipdir.
Garuda-Wişnu-Kençana heýkeli Indoneziýanyň  adybir parkynda ýerleşendir. Ol Wişnanyň öz Garuda atly guşunda uçup barýan heýkeli bolup, Indonez heýkeltaraşy N’oman Nuarto tarapyndan bina edilendir. Jemi beýikligi 121 m bolan bu heýkeliň oturdylan ýörite münberi 46 m beýiklikdedir. Desganyň gurluşygyna 25 ýyl wagt sarp edilip, 2018- nji ýylyň güýzünde dabaraly ýagdaýda açyldy. Onuň gurluşygynda mis, polat hem-de demirbeton materiallar ulanylandyr.

Rozygül SEÝIDOWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hytay THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hytaýyň ençeme etraplarynda gar we ýagyş sebäpli adatdan daşary ýagdaýlaryň howsalasy berildi

040922 animal emotions feat extra headline space THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Haýwanlary okatmagyň görnüşleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop