ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENÝÄN ÇAGALARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY

03.06.2024

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki döwürde bu senä bagyşlanan däp bolan dabaralar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigine raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär

.«Türkmenistan» gazeti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:55 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 28°C
ясно
Humidity 24 %
Pressure 1014 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 1%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Morfologiýa merkeziniň ýeten sepgitleri

Next Story

PAÝTAGTYMYZDA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

Soňkylar Habar

GitTop