Dark
Light
25.01.2026
turkmen esgerlerinin durmusyndan bir gun THE ASHGABAT TIMES

«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

04.06.2024

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 67720 harby bölüminde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp täze çapdan çykan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halkymyza, okyjylar köpçüligine, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şahyryň täze kitaby halkymyza gowuşdy. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. Bu kitapda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Ýagny, şahyryň 271 şygry, sözlük we sözsoňy ýerleşdirilen. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Çünki şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun alandyr.

Dabarada çykyş edenler agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

medeniyet.gov.tm

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maslahat koshgi 103.06.24 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

9imzq49exhnkpjjizekayklgs84hmakcrfpdk1ny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop