Skaneriň aşakdaky görnüşleri bar:
- el skaneri,
- barabanly skaner,
- surat skaneri,
- planşet skaneri.
El skaneri – bu suraty ýa-da kagyzdaky ýazgyny kompýutere geçirmek üçin el bilen süýşürilýän gurluşdyr. Bu skanerler häzir önümçi-likden aýryldy.
Barabanly skaner – bu ýeke kagyzlary çalt skanirlemek üçin hyz-mat edýän gurluşdyr.
Surat skaneri – bu slaýdlardan ýa-da suratyň plýonkalaryn-dan şekili kompýutere geçirmek üçin hyzmat edýan gurluşdyr. Sanly fotoapparatlaryň arzanlamagy sebäpli, bu görnüşiň hem tizden önümçi-likden aýrylmagy mümkindir.
Planşet skaneri – ýazgyly ýa-da suratly kagyzdan maglumaty şekil görnüşinde kompýutere geçirýän enjam. Onuň ölçegi dürli ululykda bolýar. Skanerler çaltlygy, hili we beýleki mümkinçilikleri boýunça bir birinden tapawutlanýarlar. Aşakdaky suratlarda Hewlett – Packard korporasiýasynyň dürli kysymly skanerleri getirilen.
Baýram ANNAMUHAMMEDOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby