Dark
Light
24.01.2026
pouring cement concrete with concrete mixer truck construction site with reinforced grillage foundation workers settle level concrete foundation scaled 1 THE ASHGABAT TIMES

Beton we demirbeton işleri barada umumy düşünjeler

26.04.2024

Beton materiallary we demir-beton konstruksiýalary gurluşykda iň köp we giň ulanylýan materiallaryň biri hasaplanylýar. Beton we demir –beton materiallarynyň köp ulanylmagynyň sebäbi şu aşakdakylardan ybarat:
– ýerli materiallaryň (polat armaturlardan başgasy) ulanylmagy;
– ýönekeý we ýeňil usullaryň kömegi bilen dürli görnüşdäki konstruksiýalary guýmak mümkinçiligi;
– berkligi we çydamlylygy;
– demir –beton we beton konstruksiýalary hasaplamakda, olaryň tilsimatlaryny öwrenmekde ýokary inžener we ylmy kadyrlaryň, mekdepleriň, alymlaryň bardygy;
– Sement öndürmek senagatynyň ösendigi bilen;
– Ösen we ýokary derejede mehanizmleşdirlen kärhanalaryň bardygy bilen düşündirilýär.

Ýygnama demir – beton konstruksiýalary bilen bir hatarda guýma, bütewi demir – beton usullarda jaýlary, binalary dikeltmek hem giňden ulanylýar.

Aýratynda Türkmenistan ýurt garaşsyzlygyny alandan soň, daşary ýurt firmalarynyň ösen tehnologiýasynyň biziň gurluşygymyzda ornaşmagy bilen guýma beton we demir-beton jaýlaryň gurluşygy giň gerim aldy. Bulara mysal edip paýtagtymyz Aşgabatdaky we welaýat merkezlerindäki gurluşyklary görkezmek bolar. Bütewi guýma betonlaryň köp ulanylmagyny käbir halatlarda olaryň arzan düşmegi, ykdysady tarapdan amatly bolmagy bilen tapawutlanýar we düşündirilýär.

Guýma betonlardan jaýlary, binalary galdyrlanda energiýanyň az sarp edilýändigini hem bellemek gerek.

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1710399673 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Burawlama işleri

654e7bd5b7f6e758011889 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ÜSTÜNLIGI

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop