ekologik abadancylyk rowac yasaysyn kepili THE ASHGABAT TIMES

EKOLOGIK ABADANÇYLYK — ROWAÇ ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI

05.06.2024

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinip, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljek nesillere has gözel görnüşde ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň arassa gurşawyny döretmäge, suw, ýer we biologik serişdelerden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligidir tebigaty goramaga, çölleşmä hem-de tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmäge, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Ekologik abadançylygy gorap saklamak we onuň köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak bilen bagly halkara maslahatlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden goldaw tapýar.

«Türkmenistan» gazeti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
zpzzxmgy9amlo6laczlbnt1wnzjxbcqrd4x6acny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna

09062022 teatr3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2024-nji ýylyň 7—9-njy iýuny aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Soňkylar Habar

GitTop