Dark
Light
25.01.2026
ekologiya THE ASHGABAT TIMES

Daşky gurşawymyzy gorap saklalyň!

05.06.2024

Alymlar şu gün dünýäniň ekologik ýagdaýyny howpa örän ýakyn diýip häsiýetlendirýärler. Şol sebäpli hem XXI asyrda adamzat köp sanly ekologik meseleleriň üstünde «kelle agyrdýar». Olary çözmäge çalyşýar. Şu ýerde «Häzirki wagtda nämelere ählumumy ekologik meseleler diýip bolar?» diýen sowal ýüze çykýar. Bu sowala ekologlar şeýle jogap berýär:

Atmosferanyň hapalanmagy;

Ozon gatlagynyň bölekleýin bozulmagy;

Ählumumy maýlamak;

Kislotaly ygallar;

Topragyň hapalanmagy;

Ummanlaryň hapalanmagy;

Älem giňişliginiň hapalanmagy.

Dogrudan hem, öňde duran meseleler az däl. Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem bir peýda diýipdirler. Dünýämizi halas etmäge mümkinçiligimiz bar. Ählumumy ekologik meseleleri çözmegiň esasy ugurlary hökmünde bolsa hünärmenler şu aşakdakylary görkezýärler:

Önümçiligi ekologiýalaşdyrmak: tebigy serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak, täze taslamalara hökmany ekologiýa seljermesini geçirmek, hakykatda bolsa, galyndysyz tehnologiýalary döretmek;

Tebigy serişdeleriň, aýratyn hem, adamyň ýaşaýşy üçin wajyp ähmiýeti bolan energetik çeşmeleriň (nebit, kömür) sarp edilişini oýlanyşykly çäklendirmek;

Tebigat üçin netijeli, howpsuz we iň ýokary derejede zyýansyz bolan energiýa, şol sanda älem çeşmeleriniň täze görnüşlerini gözlemek we ornaşdyrmak;

Tebigaty  halas  etmek  üçin  ähli  ýurtlaryň  mümkinçiliklerini birleşdirmek;

Jemgyýetde ekologik aňy döretmek we ösdürmek.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

themeparkashgabat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähi tomus möwsüminde myhmanlaryň sany boýunça rekordy täzeleýär

18.01.2024ashgabatcinema THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şäherimiziň kinoteatrlarynda gyzykly filmler hödürlenýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop