Tazuke Kofukaý lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň (Osaka, Ýaponiýa) Kitano hassahanasynda işlenip taýýarlanan bu derman 30-64 ýaş aralygyndaky, hiç hili azy dişi bolmadyk erkek adamlarda synagdan geçiriler.
Syçanlarda we alajagözenlerde geçirilen synaglar şowly boldy: haýwanlarda täze dişler ösüp çykdy. Teklip edilýän derman dişiň ösmegini bökdeýän belogyň işjeňligini togtadyp, täze süňküň döremegine itergi berýär.
Kliniki synaglar üstünlikli bolan ýagdaýynda derman 2030-njy ýyldan başlap täjirçilik maksatly ulanylyp bilner. Bu dogabitdi edentiýadan (dişsizlik) ejir çekýän ýa-da şikes, kesel zerarly dişini ýitiren adamlar üçin iň oňat habar bolar.
Molekulýar biolog we diş lukmany Kasu Takahaşi 2005-nji ýyldan bäri dişleri dikeltmegiň üstünde işleýär we bu bejerginiň diňe dogabitdi dişsizler üçin däl, eýsem islendik ýaşda dişini ýitiren adamlar üçin hem amatly boljakdygyna umyt baglaýar.
Şeýle hem barlagçylar dermany dişleriniň ösüşinde patologiýasy bolan iki-ýedi ýaş aralygyndaky çagalarda barlamagy meýilleşdirýärler.
Bu barlagyň şowly netije bermegi geljekde diş bejergisine çemeleşmäni üýtgedip biler.
New Аtlas portaly habar berýär.