Türkmenistan Özbegistanyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurduň daşary söwda harytlaryny günorta ugry boýunça beýleki ýurtlara daşamakda möhüm rol oýnaýar diýlip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň teswirinde aýdylýar.
Hususan-da, täjirçilik maksatlary üçin üçünji ýurda üstaşyr ýükleri iki ýurduň gara we demir ýollary bilen daşalýar.
Özbegistanyň Ulag ministrligi Türkmenistan bilen ýük daşamagyň mukdarynyň ýylsaýyn artýandygyny belleýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň mukdary 400 müň tonnadan gowrak boldy.
Ulag we logistika pudagynyň Türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini göz öňünde tutup, halkara ýük ulaglarynyň ýol arkaly ösmegine aýratyn üns berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Ulag ministrligi rugsatnama bermek we goşmaça alyş-çalyş etmek üçin kwotany köpeltmek, halkara ulaglary gatnawynda milli gatnawçylar üçin deň şertleri üpjün etmek arkaly ýük daşamagyň mukdaryny ýokarlandyrmak babatda Türkmenistanyň ygtyýarly edarasy bilen yzygiderli gepleşik geçirýär.
Ulag we logistika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bu tagallalar diňe bir iki ýurduň bähbidine däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi bolar diýlip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň teswirinde bellenilýär.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky logistika ulgamy barha özgerýär
Soňkylar Habar
Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn ― 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III
Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular
Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84
UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi.
Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
«Altyn asyr» elektron gazetinde paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin