“Gijeki muzeýler” programmasynyň synag obýekti Egeý kenaryndaky gadymy Efes şäheri boldy – ol 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinden bäri ýarygijä çenli baryp görmek üçin açykdyr. Efes muzeýiniň müdiri Jengiz Topalyň pikiriçe, programmanyň üsti bilen muzeýe gelim-gidim dörtden bir ýokarlanyp biler. 2024-nji ýylda bu ýerde, takmynan, 2,6 mln adamyň bolmagyna garaşylýar, geçen ýyl Efese 2,16 mln syýahatçy bardy.
Turan welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdiri Weli Akýol gijeki ekskursiýalaryň syýahatçylara bu ýerlerdäki tebigy we arheologiki gözelliklerden has ýakymly howada lezzet almaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.
Şeýle-de, syýahatçylar üçin gijeki wagtda Pamukkale we mukaddes Ierapolis şäheri elýeterlidir. Bu ýerlere hem syýahatçylar tarapyndan gyzyklanma barha artýar: 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Pamukkale tas 482 müň myhmany kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55% köpdür. Ýylyň ahyryna çenli syýahatçylaryň sanynyň 3 milliona ýetmegine garaşylýar.
Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi syýahatçylyk akymyny artdyrmak maksady bilen gadymy şäher-muzeýleri we meşhur ýerleri gijeki ekskursiýalar üçin açýan ýörite programmany işläp taýýarlady. Bu ýerlere gündiziň yssy howasy sebäpli syýahatçylyk obýektleri bilen tanyşmakdan ýüz öwürmäge mejbur bolýan myhmanlaryň gelip görmegine garaşylýar diýip, bigasia.ru saýty habar berýär.
Türkiýe syýahatçylar üçün gadymy şäher-muzeýlerini gijeki ekskursiýalar üçin açýar
Soňkylar Dünýä habarlary
Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
Täjigistan we Türkmenistan Ýewropa uzaýan multimodal geçelgäni ösdürýär
Täjigistanyň ulag ministri Azim Inrohim degişli bölümlere «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa» multimodal geçelgesinde synag demirýol
Türkmenistanyň üsti bilen Eýran Hytaýa ýük otlusyny iberdi
2024-nji ýylyň 21-nji iýulynda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar Portaly 22-nji iýulda habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly,
Türkmenistandan meýletinçi Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy
Çernogoriýada BMGÖM-iň Aral deňzi bilen bagly taslamasynyň çäginde ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlyk boýunça sebitleýin mejlis bolup geçdi. Bu çärä Türkmenistandan meýletinçi Kasym Jumaýew gatnaşdy.
GDA-NYŇ ÝAŞ HALKARAÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILÝÄN A.A.GROMYKO ADYNDAKY BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI YGLAN EDILDI
GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň arasynda geçirilýän A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Finalistleriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň uçurymy Serdar