Bill Geýts haýsy filmlere tomaşa etmeli we haýsy kitaplary okamalydygyny maslahat berýär

06.06.2024

Geýtsiň TOP-sanawyna şu aşakdakylar girýär:

Sel Hanyň “Batyrgaý täze sözleri” eseri: AI-iň bilimi düýpgöter gowulaşdyryp, hemmeler üçin elýeterli we täsirli edip biljekdigine salgylanýan garaýyş. “Bilimiň geljegine Seldan gowy düşünýän adam ýok, şonuň üçin men bu kitaby maslahat bermän bilemok”.
Kristin Hannanyň “Aýallar” romany: Wýetnamda iki söweşi başdan geçiren we närazylyklardan yraň atýan ýurda gaýdyp gelen şepagat uýasy hakdaky eser. “Bu orta goýan çensiz-çaksyz gurbanlary üçin soňsuz minnetdarlyga mynasyp bolan weteranlar toparyna goýlan ajaýyp hormatdan nyşandyr.”
Kris Andersonyň “Ýokuşagan jomartlyk” eseri: aýratyn şahsyýetlerden başlap, ähli kompaniýalara çenli ähli derejelerde sahylygy ösdürmegiň meýilnamasy. Awtor – TED Talk-yň kuratory. “Eger siz has adalatly dünýäni döretmäge kömek etmek isleseňiz, ýöne nämeden başlajagyňyzy bilmeýän bolsaňyz, onda “Ýokuşagan jomartlyk” siziň üçin ýazylan”.
Dewid Bruksyň “Adamy nädip tanamaly” eseri: adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we täsirleşmek endikleriniň dogabitdi häsiýetler däl-de, eýsem ösdürilýän endiklerdigi hakyndaky kitap. “Men Dewidiň “Häsiýete barýan ýol” atly öňki kitabyny gowy görüpdim, ýöne bu kitap hasam gowy …” Ol “gaty diňlemek” diýilýän zat barada peýdaly maslahatlary berýär, bu tejribe beýlekileriň sesiniň eşidilmegini we gadyrynyň bilinmegini duýmaga kömek eder.”
“Haýal atlar” serialy: MI-5-iň şowsuz agentler topary hakda içalyly iňlis trilleri. Sýužetiň merkezinde – Jeýms Bonduň häsiýetine düýbünden ters häsiýetli sölite we pyýankeş adam. “Men içalylar hakyndaky wakalary gowy görýärin. Jon le Karräniň birnäçe romanyny okadym, iň halaýan iki filmim – “Içaly oýunlary” we “Kondoryň üç güni”. “Haýal atlar”-y şolaryň iň gowusy bilen bir hatarda goýardym “.
​​​​​​​Bil Geýtsiň kitaplarynyň sanawy, adatça, dünýäde okamagy halaýanlaryň ünsüni özüne çekýär we kitaplaryň köpçülige mälim bolmagyna uly goşant goşýar.

Milliarder, Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts tomus üçin her ýylky kitap sanawyny neşir etdi. Olaryň hersiniň ýanyna maslahat beriş hatlaryny goşdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:00 pm, Sep 19, 2024
temperature icon 24°C
облачно с прояснениями
Humidity 31 %
Pressure 1017 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

“Turkmenistan is open” atly maýa goýumynyň sergisi geçiriler

Next Story

Xiaomi arkaňy massaž edýän “Akylly” massažor çykardy

Soňkylar Dünýä habarlary

Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi

09.08.2024
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
GitTop