Dark
Light
25.01.2026
2323232332 1 870x400 1 THE ASHGABAT TIMES

Emeli aňly “akylly” gulaklyklar

07.06.2024

“Maksatly eşidiş ulgamy” mikrofonlar we bortdaky kompýuter bilen enjamlaşdyrylan gulaklyklarda işleýär. Ulanyjy diňe bir düwmä basyp we gürrüňdeşine birnäçe sekuntlap seredip, gerekli gepleýjini “hasaba alyp” biler. Ulgam belli bir adamyň sesini ýadyna salýar we beýleki sesleriň hemmesini kesýär, ol hereket wagtynda şowhunly ýerlerde-de aýdyň eşitmäge mümkinçilik berýär.
Synagyň dowamynda 21 gatnaşyjy gulak salynýan gepleýjiniň sesiniň hiliniň ep-esli gowulaşandygyny tassyklady.
Häzirki wagtda ulgam diňe bir gepleýji bilen çäklenýär we şol bir ugurdan gelýän birnäçe sesi dolandyryp bilmeýär. Indi alymlar bu ulgamy dürli gulaklyklara we eşidiş enjamlaryna aňsatlyk bilen birikdirmek üçin aýratynlyklaryny giňeltmegi meýilleşdirýärler.

Waşington uniwersitetiniň topary daşarky sesleri filtirläp, kesgitli bir adamyň sesini güýçlendirip bilýän emeli aň ulgamyny hödürledi diýip, EurekAlert ýazýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maxresdefault 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SUHAN ORAZBERDIÝEWDEN TÄZELIK “ÝALAN”

027338bb2ea5ee7953434b3ca064db8d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler

Soňkylar Dünýä habarlary

Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web
GitTop