Adama zyýan berýan mikroblar jenaýatlaryň üstüni açmaga kömek eder

07.06.2024

Soňra nusgalar derňew üçin Italiýa iberildi. Alymlar futbolkalarda synaga  gatnaşyjylaryň hersine mahsus özboluşly mikroblaryň ýarym ýyllap saklanyp galandygyny anykladylar.
Şeýle hem gözlegçiler bu mikroblaryň käbiriniň arassa eşiklere hem geçendigini anykladylar.
Bu açyş kriminalistika üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler. Mikrobiomlaryň seljermesi derňewçilere jenaýatda güman edilýän adamlary kesgitlemäge, jenaýatyň ýüze çykan ýerinde kimleriň  bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berer we birgiden açylmadyk jenaýatlary aýdyňlaşdyryp biler.

Merkezi Lankaşir uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) we Gündogar Pýemont uniwersitetiniň (Italiýa) hünärmenleri tarapyndan geçirilen bu gözlege Awstraliýanyň iki ýaşaýjysy gatnaşdy. Olar 24 sagatlap pagta futbolka geýip gezdiler. Soňra futbolkalary arassa zatlar bilen birlikde alty aýa çenli gözegçilik edilýän ýerde ýerleşdirdiler we doňdurdylar.

Alymlar adam derisinde ýaşaýan bakteriýalaryň täsin jemgyýetleriniň şahsyýeti tanamakda we jenaýatlary derňemekde ulanylyp bilinjekdigini ýüze çykardylar. Bu “mikrob yzlary” geýimlerde we beýleki zatlarda uzak wagtlap saklanyp bilýär diýip, Phys.org ýazýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:53 am, Sep 20, 2024
temperature icon 19°C
небольшой дождь
Humidity 48 %
Pressure 1017 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Saud Arabystanynda haýran galdyryjy akwapark gurulýar

Next Story

“Tetris” oýununy hemmäňiz bilýäňizmi

Soňkylar Dünýä habarlary

Hytaýda täze taslamaly otly synagdan geçirildi

09.08.2024
Hytaýda täze ýokary tizlikli magnit yşykly otly synagdan geçirildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Synaglar ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Datong şäherinde geçirildi, bu taslamany
GitTop