“Tetris” 1984-nji ýylda sowet programmisti Alekseý Pažitnow tarapyndan “Elektronika-60” kompýuterinde işlenip düzüldi. Nintendo korporasiýasy Game Boy konsoly üçin bu oýunly kartrijleri hödürläp başlandan soň, oýun bütin dünýä belli boldy. Häzire çenli millionlarça adam ykjam oýun konsollarynda, internetde onlaýn we smartfonlarda “Tetris” oýnuny oýnaýar. 2007-nji ýylda oýun 10 sany iň ähmiýetli kompýuter oýunlarynyň hatarynda ABŞ-nyň Kongres kitaphanasyna goşuldy. Häzirki wagtda “Tetris” boýunça diňe bir halkara ýaryşlar däl, eýsem bütin dünýäde yzygiderli ýaryşlar geçirilýär.
Şu ýylyň ýanwar aýynda “The New York Times” Oklahoma ştatyndan amerikaly ýetginjek Uillis Gibsonyň, çen bilen, taryhda ilkinji bolup “Tetris” oýnunyň asyl nusgasyny doly geçendigini habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, 13 ýaşly oglan Nintendo firmasynyň oýun konsolynda oýnuň soňky, 157-nji derejesine, oýnuň programma çäklendirmeleri sebäpli 999999 hasapda “doňýan” pursatyna ýetdi. Öň, oýnuň “doňýan” pursatyna ýetmek diňe emeli aňa başardypdy.
Şu gün “Tetris” oýny özüniň 40 ýyllyk ýubileýini belleýär, oýnuň “doglan güni” her ýyl 6-njy iýunda bellenilýär diýip, TASS habar berýär.