Dark
Light
26.01.2026
robert noyce jack kilby inventatorii ic THE ASHGABAT TIMES

Integral mikroshemalaryň (çipleriň) we mikroelektronikanyň döremegi

10.06.2024

XX asyryň ikinji ýarymynda ylmyň, senagatyň, atom energetikasynyň, harby, raketa we kosmos tehnikasynyň, şeýle hem elektron-optiki aragatnaşygyň güýçli depginler bilen ösmegi, internet ulgamy, hojalyk elektronikasy elektron abzallarynyň düýpli çylşyrymlaşmagyny talap etdi. Bu çylşyrymly elektronikanyň uly göwrümli we tygşytsyz bolmazlygy üçin onuň elementlerini miniatýurizasiýalaşdyrmak (kiçeltmek) zerurlygy ýüze çykdy. Bu bolsa 1950-nji ýyllaryň ahyrynda integral mikroshemanyň (çipleriň) we mikroelektronikanyň döremegine getirdi.

Şeýlelikde, integral mikroshemalaryň oýlanyp tapylmagy radiotehniki abzallaryň massasyny we ölçeglerini düýpli kiçeltmäge mümkinçilik berdi. Şunlukda, olaryň ygtybarlyklary artdy we energiýa sarp edişleri düýpli kemeldi. Munuň özi, elektronikanyň energetiki elektronika we mikroelektronika bölünmegine getirdi.

Mikroelektronika – elektronikanyň bölümi bolup, integral shemalary signallary öwürmek we işlemek boýunça kesgitli funksiýalary ýerine ýetirýän we elektrik taýdan birleşdirilen elementleriniň ýerleşdirilişi boýunça ýokary dykyzlygy bolan bölünmeýän gurluşlardyr. Bir kristalda ýerleşdirilen häzirki zaman uly anlog integral shemalary we sanly mikroprosessorlary geçmişdäki (ýakyn geçen ýyllardaky) radioelektron abzallaryň uly bloklaryny we gurluşlaryny çalyşdy.

J.Kilbi termoprinteri we jübüde göterilýän kalkulýatory döredijidir. Iki sany ýaş inženerler J.Kilbi we R.N.Noýs, biri-birinden habarsyz integral shemalary döredip boljakdygyny subut etdiler. «Texas Instruments» («Tehasyň instrumentleri») kompaniýasynda işleýän Kilbi 1958-nji ýylda «monolit ideýasyny» hödürledi. Onuň manysy şundan ybarat: shemanyň rezistor, kondensator we transiztor ýaly elementleri şol bir materialdan ýasalyp, bir mikroshema integrirlenen (jemlenen) bolmaly. Başgaça aýdanymyzda, tranzistorlaryň ölçegini kiçeltmek üçin ol integral shemasy ideýasyny – köpsanly tranzistorlary we elektrik zynjyrlaryň zerur elementlerini bir podložkada, bir kris-talda ýerleşdirmegi hödürledi, ýagny elektrik zynjyrlaryň zerur elementlerini bir mikroshemada integrirledi (jemledi). Kilbiniň ideýasy örän önjeýli we rewolýusi-on häsiýetde boldy. Kilbi ilkinji, hakyky monolit integral shemany döretmekligi başardy.

Akmuhammet AKMUHAMMEDOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

a7e2a0943102b3b8d18d817e151b6bb97180afb2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Simsiz telegrafyň soňky ösüşi

ce9fd5aa2a63cc33f6fd6c22c0671c65 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Telewideniýäniň durmuşdaky orny

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop