INTERNET ULGAMY BARADA ANYK MAGLUMATLAR

10.06.2024

Häzirki döwurde haş giňden ýaýran aragatnaşyk ulgamlarynyň biri Internetdir. Internetiň ilkinji görnüşleri ABŞ-da döredildi. 1957-nji ýylda SSSR-de Ýeriň ilkinji emeli hemrasy uçurylandan soň ABŞ-nyň hökümeti maglumatlary ygtybarly geçirmek ulgamyny döretmek meselesini öňde goýdy. Amerikanyň birnäçe uly uniwersitetlerine şeýle ulgamy döretmek tabşyryldy. Taslamada kompýuter toruny ARPANET(Advanced Research Projects Agency Network) diýip atlandyrdylar. 1969-njy ýylyň ahyrlarynda ARPANET toruna dört sany harby ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň kompýuterleri birikdirildi.

1969-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda biri-birinden 640 km aralykda ýerleşen – Los-Anželesiň Kaliforniýa uniwersiteti bilen Stendford ylmy-barlag institutynyň arasynda – ilkinji aragatnaşyk seansy geçirildi. Ilkibaşda diňe üç «LOG» simwoly geçirildi. «LOG» simwoly LOGON(ulgama giriş komandasy) sözi bolmaly. Şol gün Internet torunyň dörän güni hasaplanýar.

1971-nji ýylda tor boýunça elektron poçtany ibermek üçin ilkinji programma işlenip düzüldi. 1973-nji ýylda transatlantik telefon kabeliniň kömegi bilen tora ilkinji daşary ýurt guramalary (Beýik Britaniýa, Norwegiýa) birikdirildi. Şu pursat-dan başlap tor Halkara derejesine eýe boldy.

XX asyryň 70-nji ýyllarynda toruň esasy maksady elektron poçtasyny geçirmek boldy. Şol bir wagtda dürli bildirişler tagtasy we täzelikler topary döräp başlaýar. Emma beýleki standartlarda gurnalan torlar bilen özara täsirlerde uly kynçylyklar döredi. Maglumatlary geçirmegiň dürli beýanlarynyň güýçli ösmegi, şeýle hem olaryň 1982–1983-nji ýyllarda standartlaşdyrylmagy netijesinde 1983-nji ýylda olary birleşdirýän «umumy»TSP/IP(Transmission Sontrol Protokol/ internet Pro-tokol) beýany (Ulgam maglumatlaryny beýan etmegiň, ony geçirmegiň usullarynyň we gaýtadan işlemegiň standarty) döredi. XX asyryň 80–90-njy ýyllarynda dürli döwletlerde köpsanly pudagara, sebitara, milli global kompýuter ulgamlary döredilýär. Olaryň Halkara Internet ulgamyna birleşmegi TSP/IP umumy beýanynyň esasynda bolup geçdi. Bu geçiş 1983-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda amala aşyryldy. Şol ýyl ARPANET tory«Internet» diýlip atlandyryldy.

1984-nji ýylda domen atlaryň ulgamy(iňlis sözi Domain Name System, DNS)işlenip düzüldi.

Şol ýyl ARPANET-iň güýçli garşydaşy – uniwersitetara NSFNet tory (iňlisçeNational Science Foundation Network) döredi. Bu tor köpsanly ownuk torlary bi-rikdirýärdi we ARPANET bilen deňeşdirilende geçirijilik ukyby has ýokarydy, şeýle hem täze müşderileri birikdirmek boýunça ýokary görkezijilere (ýylda 10 müň müşderä golaý) eýedi. Şeýlelikde, «Internet» ady NSFNet-e geçdi.

1988-nji ýylda tekst maglumatlaryny Internet Relay Chat (IRC-iň kömegi bilen pursatlaýyn (mgnowen) geçirmek beýany tassyklandy. Şeýlelikde, Internetde, çatda hakyky wagtda «janly»baglanyşyk etmeklik mümkin boldy. 1989-njy ýylda belli iňlis alymy Tim Bernes-Li Bütindünýä tor konsepsiýasyny hödürledi. Ol soňky iki ýylda HTTP beýanyny, gipertekst belgilemäniň HTML dilini we URL identifikatory işläp taýýarlady.

1990-njy ýylda ARPANETtory işlemegini bes etdi. Şol ýyl ilkinji gezek tele-fon geçirijisi boýunça Internete birikdirilme (Dialup access – «jaň etme») amala aşyryldy.

1993-nji ýylda Bütindünýä Halkara ulgamyWorld Wide Web (www) döre-dilýär. Onuň döremegi bilen Internete bolan gyzyklanma artýar. Internet maglu-matlarynyň tizligini, arzan aragatnaşygy, bilelikdäki işleri alyp barmak şertlerini, elýeterli maksatnamalary, maglumatlar toplumlaryny özünde jemleýär.

1996-njy ýyldan başlap Bütindünýä tory (www) internet düşünjesini doly çalyşýar we faýllary trafik boýunça ibermek FTPbeýanyndan öňe geçýär. Tehniki standartlaryň açyklygy toruň çalt giňelmegine mümkinçilik berdi. 1997-nji ýylda Internetde 10 milliona golaý kompýuterler we 1 milliondan hem köpräk domen atlar bardy. Internet – maglumatlary alyşmak üçin iň oňat serişde boldy.

Häzirki wagtda Internete telefon, radio-kanallar, öýjükli aragatnaşyk, hemra aragatnaşygy, kabel telewideniýesi, ýörite optiki-süýümli geçirijiler we hatda elektrik geçirijileri arkaly hem girip bolýar. 2010-njy ýylyň 22-nji ýanwaryndan başlap Halkara kosmos stansiýalaryndan hem Internete göni girip bolýar.

Internet ulgamyndan peýdalanyjylar düwünlere, köplenç, kommutirleýän telefon geçirijilere birikdirilýär. Onuň üçin modem diýlip atlandyrylýan ýörite gurluşdan peýdalanýarlar («Modem» sözi modulýator we demodulýator sözlerinden emele gelen). Ol kompýuterleriň diskret sanly elektrik signalyny telefon aragatnaşygynda ulanylýan analog signala (modulýator) we tersine (demodulýator) öwürýär. Modem hem peýdalanyjynyň kompýuterine çatylýar.

Internet ulgamyny ulanyjy onuň kesgitli hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýär. Bu hyzmatlary hödürleýän edaralara prowaýderler diýilýär. 1995-nji ýylda tor prowaýderleri ilkinji gezek Internetiň hyzmatlaryny ýerine ýetirmekligi öz üstlerine aldylar. Türkmenistanda Internet hyzmatlary «Türkmentelekom» edarasy tarapyn-dan amala aşyrylýar.

Gowşut HYDYROW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:49 pm, Sep 20, 2024
temperature icon 27°C
ясно
Humidity 24 %
Pressure 1015 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Telewideniýäniň durmuşdaky orny

Next Story

Türkmenistanda hemra aragatnaşyk ulgamy E52

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop