Türkmenistanda hemra aragatnaşyk ulgamy E52

10.06.2024

Aragatnaşygyň ýerüsti kanallarynda birnäçe ýetmezçilikler bar. Şunuň ýaly ýetmezçilikler aragatnaşygyň hemra ulgamynda bolmaýar, ýagny çägiň çäklendirilmegi, düzümiň meseleleriniň tehniki we ykdysady döwrebaplaşdyrylmagy, enjamy gyssagly söküp we ony başga ýerde oturtmak mümkinçiligi ýok. Hut şonuň üçinem birnäçe pudaklarda aragatnaşygyň hemra ulgamynyň peýdalanylmagy diňe bir tehniki tarapdan däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan has bähbitlidir. Kä halatda bolsa ol ygtybarly hem-de ýokary hilli aragatnaşygy üpjün edýän ýeke-täk serişde bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda köp pudakly netijeli ykdysadyýet döredilýär. Ol elektroenergetika, nebitgaz çykaryjy, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa pudaklary, gurluşyk, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynyň kärhanalary tarapyndan öňe sürüldi. Ykdysadyýetiň ösmegi bilen halk hojalygynyň pudaklarynyň dürli bölümleriniň arasynda maglumatlaryň birnäçe görnüşlerini geçirmegiň möç-berleri artýar. Telearagatnaşyk düzüminiň geçirijilik ukybyny giňeltmek, aragatnaşygyň ýerüsti ýaýlymlary bilen birikdirilmedik we biri-birinden uzakda ýerleşýän bölümleriň arasynda maglumatlaryň gyssagly we ýokary hilli alşylmagyny üpjün etmek zerurlygy ýokarlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, bellibir tapgyrda milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin aragatnaşygyň hemra ulgamyny ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Ol aragatnaşygyň ýerüsti ulgamynyň bitirip bilmedik wezipesini ýerine ýetirýär.

2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegi bu ugurdaky ilkinji ädim boldy. Agentligiň üstüne Ýere golaý orbita gözegçilik etmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, kosmos giňişligi bilen baglanyşykly ylmy barlaglary alyp barmak, şeýle hem Türkmenis-tanyň çäginden emeli hemranyň dolandyrylyşyny üpjün etmek wezipesi ýüklenildi.

Şol ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti «Milli emeli hemra ul-gamyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Milli emeli hemrasyny we ýerüsti dolandyryş ulgamyny gur-mak, şeýle hem hemrany älem giňişligine çykarmak we herekete girizmek barada şertnama baglaşdy.

«Thales Alenia Space» kompaniýasynyň bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek üçin seçilip alynmagy ýöne ýerden däl. Ol dünýäniň kosmos senagatynda iň irileriniň we öňdebaryjylary, bu ulgamda 40 ýyldan gowrak wagt bäri üstün-likli işleýänleri, dünýäniň ähli hemra binýatlaryna diýen ýaly oturdylýan enjamyň önümçiligini alyp barýanlaryň biri hasaplanýar.

Telearagatnaşyk ulgamy boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar bu kompa-niýanyň ýerine ýetirýän işiniň ýarysyna golaýyny düzýär we ony kosmos aragat-naşygy üçin täjirçilik önümleriniň bazarynda dünýä ýüzünde öňdebaryjylaryň birine öwrülmegini şertlendirýär. «Thales Alenia Space» kompaniýasy aragatnaşyk kosmos enjamlaryny, dünýäniň öňdebaryjy hemra aragatnaşyklarynyň operatorlary üçin ähmiýetli gurallary işläp taýýarlaýar. Bu kompaniýa hemra toplumlarynyň önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy bolup durýar. Olar 150-den gowrak pes orbital aragatnaşyk kosmos enjamlarynyň buýurmalaryny kabul edýär. Şol bir wagtyň özünde «Thales Alenia Space» kompaniýasy Ýewropanyň öňdebaryjy kosmos geolokasion ulgamlaryny işläp taýýarlaýjy bolup durýar. Ýeriň aradaşlykdan zondirlen-megi ulgamynda «Thales Alenia Space» kompaniýasy optiki, radar we radioelek-tron ulgamlaryny işläp taýýarlamakda, öndürmekde uly tejribe toplady. Bu enjamlar meteorologiýada, okeanografiýada, kartografiýada, gözegçilik ulgamlarynda we beýlekilerde giňden ulanylýar. Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri «Thales Alenia Space»kompaniýasy Ýewropanyň MeteoSat meteorologiýa kosmos enjamlarynyň ähli üç nesilleriniň baş potratçysy bolup durýar.

Milli hemra aragatnaşygyny oturtmak üçin Türkmenistana has oňaýly hasap-lanylýan gündogar wagt uzynlygynyň 52-nji gradusyndaky orbital künjek saýlanyp alyndy. Bu geostasionar orbitanyň Monako knýazlygyna degişlidigi sebäpli, bu kosmos giňişligini kärendä almak üçin «Space Systems Internasional-Monaco S.A.M.»kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.

«TürkmenÄlem 52°E» diýlip atlandyrylýan türkmen hemra aragatnaşygy üçin özüniň oňyn häsiýeti, ýokary ygtybarlylygy we hili bilen dünýäde meşhur bolan «Spacebus 4000» kompaniýasyna degişli häzirki zaman binýady seçilip alyndy. Hemranyň maksadyndan we wezipelerinden ugur almak bilen, onuň oňyn hereketi multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumy, şol sanda sanly teleradio-ýaýlymlar, telefon wideoşekilli maslahatlary geçirmek, maglumat alyşmak, hemra Interneti, VSAT ulgamlaryny döretmek üçin niýetlenendir.

Hemranyň aragatnaşygyň işjeň 38 ýaýlymy – transponderleri bar. Olardan 26-sy öz maksatlary üçin Türkmenistan tarapyndan peýdalanylar. Galan 12-si bolsa «Space Systems Internasional-Monaco S.A.M.»kompaniýasyna uzakmöhletleýin kärendä berildi. Bu hemra gündogar, demirgazyk we MENA(Middle East & North Africa – Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika) antennalary bilen üpjün edilendir. Bu üç antenna Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça döwletlerini öz içine alýar. Olaryň hatarynda Irlandiýadan, Beýik Britaniýadan başlap Owganystana çenli bolan, şeýle hem Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlary bar.

Merdan SÖÝÜNOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:07 pm, Nov 23, 2024
temperature icon 14°C
облачно с прояснениями
Humidity 62 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

INTERNET ULGAMY BARADA ANYK MAGLUMATLAR

Next Story

KIBERHOWPSUZLYK BARADA BILMELI ZATLARYMYZ

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop