Dark
Light
25.01.2026
yash kyayv38 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak lukmançylyk klasteriniň düzümleriniň taslamalary bilen tanyşdy

10.06.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalarydyr çyzgylar bilen tanyşlykdan soňra, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ýurduň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýede we Hytaýda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar hem-de bu ugurda häzirki döwrüň iň kämil tejribesini içgin öwrendiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilmeginiň, olaryň dowamynda ýurduň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän suw çeşmelerini önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň önümçilik düzümlerinde taýýarlanjak serişdeleriň we enjamlaryň hil derejesine, ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmen halkynyn milli lideri turkmenistanyn halk maslahatynyn baslygynyn arkadag saherine is sapary THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARY

914 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropileni öndüriler

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop