AWE TÜRKMENISTAN BOÝUNÇA ZENAN TELEKEÇILIGINIŇ ÖSÜŞINE BADALGA BERÝÄR

10.06.2024

8-nji iýun şenbe güni Türkmenistanda ilkinji “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasynyň gatnaşyjylary öz telekeçilik taslamalaryny Aşgabat şäherinde biznes bilermenlerine hödürlediler. Bu çäre mart aýynda işe girizilen we Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdyşlykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasyny tarapyndan amala aşyrylan AWE maksatnamasyny jemledi.

Dabarany ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris we Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy Ýuriý Aronskiý açdylar.  “Biz şu ýyl Türkmenistanyň AWE-niň gatnaşyjy ýurtlarynyň 100-den gowragynyň hataryna goşulandygyna örän begenýäris.  Maksatnamanyň diňe Aşgabatda däl, eýsem Amerikan burçlarynyň ýerleşýän Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilendigine aýratyn buýsanýarys” – diýip, Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Widugiris öz çykyşynda belledi.  “Bu biziň ykdysadyýeti özgerdip, jemgyýetleri beýgeldip, geljekki nesilleri ruhlandyryp bilýän zenan telekeçileriniň peýdalanylmadyk potensialyna bolan ynanjymyzy görkezýär”.

“Gysgaça pikir”

Şenbe güni geçirilen dabaraly çäre Arizona Döwlet Uniwersitetiniň “Thunderbird” Bütindünýä Dolandyryş Mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursundan, her hepde geçirilýän ýüzbe-ýüz duşuşyklardan, telekeçilik taslamasynyň üstünde işlemekden ybarat bolan üç aýlyk işi jemledi. AWE – Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, ol zenan telekeçilere üstünlikli kompaniýalary başlatmak we ösdürmek üçin zerur bolan bilim, network we elýeterlilik bilen üpjün edýär.  Şenbe güni jemlenen maksatnamanyň 50 uçurymy 25 müňden gowrak AWE talyplaryndan ybarat bütindünýä jemgyýetine goşuldy.   

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:24 am, Nov 22, 2024
temperature icon 6°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Saud Arabystan ilkinji gezek «Älem gözeli» bäsleşiginde çykyş eder

Next Story

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi

Soňkylar Habar

GitTop