Dark
Light
25.01.2026
behisdi bedewler milli buysanjymyz th6bnzcadj 2 THE ASHGABAT TIMES

Bedew at- ylhama ganat

28.04.2024

Her ýylyñ aprel aýynyñ soñky ýekşenbesinde Bedew baýramy uly dabaralara beslenýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyñ ähli ýerlerinde giñden bellenip geçilyär. Aşgabadyñ Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniñ milli baýramy mynasybetli at çapyşyklara dünýäniñ köpsanly ýurtlaryndan myhmanlar dabara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýärler. Atçylyk sport toplumy baýramçylyk mynasybetli dürli öwüş günler bilen bezelýär. Ähli ýerlerde türkmen toýunyñ- dabarasynyñ şüweleñi dowam edýär, aýdym- sazlar ýañlanýar, ýaş türgenler öz çykyşlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyñ görnükli atçynaslary at sport bãsleşiklerini geçirýärler we özleriniñ täsirli çykyşlary bilen tomaşaçylary haýrana goýýarlar. Çykyşlarda ezberlik we ussatlyk bilen hereket edýän çapyksuwarlar ýaşlykdan eýeriñ üstünde oturmagy öwrenip, ata-babalarymyzyñ asylly däplerini dowam etdirýärler.

Türkmenistan gözelligi boýunça deñi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriñ mekany hasaplanmak bilen dünýäni haýrana goýýar.

Aýgül KULYÝEWA
Aşgabat şäheriniň
16-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň okuwçysy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

02 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

mixcollage 22 dec 2023 02 27 pm 3082 e1703284130143 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

2024-nji ýylyň tomsunda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan 12 film

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop