Minimalizm stili 1920–1930-njy ýyllarda Ýewropada we ABŞ-da peýda bolup, XX – XXI asyryň sepgidinde meşhurlyga eýe boldy. Aýratynlyklary. Binagärler bezegi terk edýärler we ýönekeý kölegeleri hem-de ýeňil taksturalary ileri tutýarlar. Esasy elementleriň biri otagdaky yşykdyr – olar köp bolmaly. Ulanylýan esasy materiallar beton, aýna hem-de agaç. Binalar geometrik şekillere esaslanýar, fasadlary ýönekeý, çyzyklary takyk we burçlary göni.
Mysallar. ABŞ-daky Montauk öýi, Italiýanyň Weneto sebitindäki Casa delle Bottere kapellasy bolan hususy jaý, Angliýadaky mekdep kriket pawiliony. Bularyň hemmesi Iňlis arhitektory Jon Pawsonyň eserleri.
Skandinaw stili. XVIII asyrda haçan-da Şwesiýada Fransiýadan ýa-da Italiýadan gelen ussalaryň ýörelgelerine bil baglamazlyk kararyna gelnip, hakyky binalary döretmek barada ideýa öňe sürlende ýüze çykdy .
Aýratynlyklary. Düzgün bolşy ýaly, binalar, esasanam, ýaşaýyş jaýlary agaçdan, köplenç ýelimlenen bölek agaçlaryndan gurlupdyr. Jaýlar köplenç eňňitli üçekli, kiçijik, ýöne funksional maksatly. Skandinaw görnüşindäki binalar bezegden düýbünden mahrum, fasadlary adatça saýding ýa-da gips bilen örtülendir. Agaç ýaly tebigy materialdan, ýöne reňk ýa bezeg bilen işlenmedik.
Mysallar. Sanden + Hodnekvamyň eserleri: Norwegiýanyň Innerøy şäher häkimliginde bir kiçijik jaý, “Şelter” taslamasy.
Blob arhitekturasy. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda, adaty bolmadyk suwuk şekilli binalar bütin dünýäde peýda bolup başlady. Bu adalganyň özi, soňrak Amerikaly žurnalist we ýazyjy William Safiriň “Nýu-Yorkork Taýms” žurnalynda çap eden makalasynda peýda bolupdyr.
Aýratynlyklary. Bu stil öz adyny iňlis dilinden “damja” ýa-da “topjagaz” diýip terjime edilýän blob sözünden alypdyr. Binalaryň akýan fasadlary bar, diwarlary egri we desgalaryň ýiti burçlary ýok diýen ýaly.
Mysallar. Angliýanyň Birmingem şäherindäki Selfridges binasy, Angliýanyň Geýtshead şäherindäki Sage Geýtshead merkezi.
Aýgözel SARYHANOWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby