Arhitektura – täsin dünýä

23.02.2024

Jaýlar umumylykda raýat we önümçilik maksatlaryna görä bölünýärler. Raýat binalary hem öz gezeginde ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlaryna bölünýär. Önümçilik binalary senagat we oba hojalyk maksatly jaýlara bölünýär.
Desga bu gurluşykda binadan tapawutlanýan başga bir görnüşdir. Çünki ol ýerde adam ýok ýa-da hemişelik bolmaýar-ýaşamaýar (mysal üçin: turbageçiriji, garaž, diň, bent, köprüler, ammar we ş.m.).
Desga – önümçilik proseslerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenen,  ýerüsti we ýerasty bölekleri bolan, göwrümleýin, tekiz ýa-da çyzykly gurluşyk ulgamyny emele getirýän, ýük göteriji, käbir ýagdaýlarda, örtüji gurluşyk konstruksiýalary bolan gurluşygyň netijesidir.
Binalaryň we desgalaryň jogapkärçiligini (ykdysady, sosial we ekologiki şowsuzlyklarynyň netijeleri bilen häsiýetlendirilýär) göz öňünde tutup, olary üç derejä bölýärler: I – ýokarlandyrylan, II – adaty, III – pes şertli.
Binalaryň tipologiýasy – binagärlik obýektlerini umumy aýratynlyklara görä deňeşdirmekde we gatnaşdyrmakda toparlara bölýän we öwrenýän ylymdyr:
– funksional maksatlary boýunça; 
– görnüşleri boýunça ;
– giňişlik- meýilnama görkezijileri esasynda;
– şekiliň emele geliş kanunalaýyklygy boýunça;
– şäher gurluşyk funksiýalary we olara bolan talaplary boýunça;
– ulanylyş hili boýunça.

Diýar PARAHADOW
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:33 am, Sep 20, 2024
temperature icon 17°C
переменная облачность
Humidity 55 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Häzirkizaman binagärlik stilleri

Next Story

Dünýäde pagta önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlar

Soňkylar Makalalar

ISGENDERGALA

20.09.2024
Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir: Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes

Grammatik derňew nusgalary

20.09.2024
Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew. Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele
GitTop