Dark
Light
25.01.2026
110622 16 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň 3 welaýatynda bugdaý oragyna girişildi

11.06.2024

Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu gün — 7-nji iýunda bugdaý oragyna girişildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, il sylagly ýaşulular bugdaý oragyna “Bismilla” edip başlap berdiler.

Jogapkärli oba hojalyk möwsümine girişilmegi mynasybetli, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda maslahatlar geçirildi, aýdym-sazly çäreler, sergiler, okuw sapaklary we taryhy ýerlere gezelençler guraldy.

Kesgitlenen tertibe laýyklykda, ýurduň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bugdaý oragy 14-nji iýunda başlanar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 1 1 1 768x512 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Duşenbe güni, birža söwdalarynda “TPP D 30S”, “TPP D 382 BF” kysymly polipropilen ýokary islege eýe boldy

db361b3c 3431 4d6c 881f 7052cd8eee2a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Fransiýada 2000 ýyllyk syrly mazarlar tapyldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop