Dark
Light
24.01.2026
230523 027pr THE ASHGABAT TIMES

Iri taslamalaryň biri bolan “Arkadag” şäheriniň aýratynlyklary

29.04.2024

Ýaňy-ýakynda täze açylyp ulanylmaga berlen Arkadag şäheri dünýäniň iň täze we geljegi uly şähergurluşyk hem-de inženerçilik-tehniki çözgütlerini, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen ägirt uly gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn innowasion ösüşine, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, halkyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklerini özünde jemleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň düýbi tutulan pursadyndan başlap, bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklady.
Milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlarynda bellenilişi ýaly, türkmenleriň ata-babalarynyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylan “akylly” şäher kemala geldi. Bu ýerde milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edýär. Bu ýerde möhüm ekologik talaplara aýratyn üns berlipdir. Desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler peýdalanyldy. Bu aýdylanlara Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär.
Ähli binalarda elektron dolandyryş ulgamy ornaşdyryldy. Şeýlelikde, Arkadag şäheri tutuşlygyna “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda guruldy. Bu ýerde ýol yşyklandyryjylary hem täzeçil usulda gurnalypdyr. Olar awtomatik ýagdaýda, şäheriň ulag akymlaryna baglylykda sazlaşykly işleýär. Mundan başga-da, bu şäher Merkezi Aziýa sebitinde durmuş üpjünçilik ulgamy tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäherdir. Bu ýerde ap-ak we ýaşamak üçin ähli şertleri döredilen köp gatly ýaşaýyş jaýlary guruldy hem-de ähli jaýlar «akylly» öý ýörelgesi esasynda işleýär. Şeýle hem ähli tölegleri jaýdan çykmazdan amala aşyrmak mümkin. Munuň özi, aýratyn-da, türkmen tebigatynyň yssy howasynda amatlydyr.

Döwlet ATAMYRADOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

0g83qwph6gqtkqgvuxv7fs7mv9y9ympyqbbwxrzjyoe2uaoh1itvqidi0tys 7 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragynyñ her bir goşgusy ýaşlarmyza öwüt nesihat

pasted image 0 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Yz hadysalary

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop