220525185941 cultivated mushrooms restricted THE ASHGABAT TIMES

Pos kömelekleri

23.02.2024

Pos kömelekleri tertibine giňden ýaýran ýokary derejeli ösümlikleriň mugthorlary degişli. Pos kömelekleriň miseliýleri zeper ýeten ösümligiň dokumalarynyň öýjük aralygynda ýaýraýarlar. Olaryň öýjüklerine gaustoriýler girýär.

Pos kömeleginiň ösüşi bir ösümlikde geçip bilýär. Bu ýagdaýda pos kömelegine bir eýeli mugthor diýilýär. Kä halatlarda bir miseliý we spora emele getirmeklik bir eýe ösümlikde, beýleki miseliý bolsa başga ösümlikde ösüp ýetişýär. Bu hili pos kömeleklerine dürli eýeli mugthorlar diýilýär.

Pos kömelekleriń ählisi ösümlikleriň diňe janly dokumalarynda ösmäge ukyply bolan kömeleklerdir. Pos kömelekleri ösümliklerde mahsus goňur, sarymtyl-mämişi ýa-da melemtil pos tegmilleri emele getirýärler. Bu tegmiller sporalaryň üýşmekleridir we köplenç ýagdaýlarda sporalar ösümlik organlarynyň gabygynda ýa-da epidermis dokumasynda ýarçyklar edip daşyna çykýarlar.

Pos kömelekleriniň biologiki aýratynlyklarynyň ýene biri olaryň ömür dowamynyň çylşyrymly bolmagydyr. Olbirnäçe döwürlerden we spora emele getirmekden ybarat bolup yzygider biri-birleri bilen çalyşýar.

Bu kömelekleriň giň ýaýran wekilleriniň b iri galla ýa-da baldak pos kömelegidir (Puccinia graminis). Ol öz ösüşini iki ösümlikde amala aşyrýar. Ỳaz aýlarynda zirkiň ýapraklarynda sary pos tegmilleri peýda bolýar. Şol tegmiller pos kömeleginiň sporalarynyň emele getirýän tegmilleridir Žirkde bu kömelegiň jynsly spora emele getirmek döwri bolup geçýär

Bägül AMANNAZAROWA
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
original 1625fa6ff1a8f5 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SÜÝT

02232023 USEMBASSY PRESS RELEASE ATCH 1 3 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMEN KANUNÇYKARYJYLARY AÝDYŇLYGY WE NETIJELI KANUNÇYKARYJYLYGY ILERLEDÝÄRLER

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop