pasted image 0 1 THE ASHGABAT TIMES

Yz hadysalary

29.04.2024

Yz hadysalary toparlara bölünende, olaryň wagta we beýleki reseptorlardan gelýän signallary gaýtadan dikeldip bilmek mümkinçiligine garaşlydygyny bellemeli. Wagt görkezijisi gyjyndyryjynyň täsirinden soňra wagta bagly we bagly däl yz täsirlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Nerw öýjükleriň işiniň neýrofiziologiki seljerme usullarynyň kemala gelmegi ýat hadysalary düşündirmäge mümkinçilik berdi. Adatça, ýadyň hadysalary baradaky maglumatlar gaýtadan dikeltmäniň netijesi esasynda alynýar. Emma gaýtadan dikeltmegiň özi kabul ediş şertlerine, efferent ulgamynyň aýratynlyklaryna baglydyr. Ýadyň keşpleri ýaşaýşyň bütin dowamyndasaklanyp bilinýär, ýöne olara ýetmeklik ýitýär. M.Penfildiň geçiren barlaglarynda ýerli anesteziýa täsirinde bolan näsagyň çekge, ýeňse, depe (uly ýarym şarlaryň gabygynyň) bölümleriniň çäklerindäki analizatorlaryň kesişme meýdanyna elektrik togy bilen täsir edilýär. Netijede, näsag öz geçmişindäki wakalary bitewi başdan geçirýär. Bu başdan geçirmelerdüýş ýa-da gallýusinasiýalar häsiýetinde bolýar. Näsag owazy eşidýär, gepleýänleriň sesini tanaýar,otaga girýän adamlary görýär. Barlagyň görkezişi ýaly, adaty şertlerde ýada düşmeýän başdan geçirmeleriň keşbi gaýtadan dikeldilýär. A.R.Luriýanyň geçiren barlaglarynda bolsa,fenomenal ýat öwrenilip, çylşyrymly manysyz tekstiň ýat tutulanyndan 15 ýyl soňra gaýtadan dikeldilmegi ýat yzlaryň durnuklylygyny subut edýär. G.Uolter adamyň uly ýarym şarlarynyň maňlaý bölümlerine ýerleşdirilen elektrodlaryň kömegi bilen “Garaşma tolkunyny” ýüze çykarýar. Bu tolkun oňaýsyz –negatiw yrgyldy görnüşinde bolup, synag geçirilýän adamynyň hereket etjek bolanynda ýa-da haýsydyrbir çözgüde geleninde döreýär.

Ogulbagt UWDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
230523 027pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Iri taslamalaryň biri bolan “Arkadag” şäheriniň aýratynlyklary

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop