Ýurt asudalygy – uly bagt, bagtyýarlyk. Asuda ýurtda raýatlar il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri amala aşyrmagyň hatyrasyna zähmet çekýär. Olaryň zähmetiniň we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hemmesi, gürrüňsiz, ýurduň asudalygyna berk baglydyr. Asuda döwletiň asudalygynyň hukuk binýady bolsa kämil kanunlardyr. Kämil kanunlaryň we kanuny ýörelgeleriň hem ählisi kämil Konstitusiýadan gözbaş alýar. Konstitusion ýörelgelerden gözbaş alýan kanuny ýörelgeleriň dogry we ýerine ýetirilmegi bolsa asudalygy üpjün etmegiň iň esasy serişdesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, döwletimizde parahatçylygyň höküm sürmegi, raýatlarymyzyň agzybirligi hem-de demokratiýa we kanun adyllygy ýaly ýörelgeler jemlenendir” diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň öz maksatly menzillerine ýeten döwrüdir. Sebäbi ýurdumyzyň Konstitusiýasy adamlaryň iň ajaýyp isleglerini utgaşdyryjy, jemgyýetiň bagtyýarlygynyň çeşmesi bolup durýandygy üçin kämildir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň döwletimiziň ýaşyl tugunda we Baş kanuny bolan Konstitusiýasynda beýan edilmeginiň özünde diýseň uly many bardyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir” diýen parasatly taglymatynyň baý mazmuny ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň “Konstitusiýa” we “Tug” diýen iki Watan mukaddesliginde öz teswirini tapmagynyň ýöne ýere däldigini görkezýär. Asuda asmanymyzda buýsanç bilen parlaýan Döwlet baýdagymyz ata-babalarymyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr, Konstitusiýa bolsa jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr. Çünki döwlet baýdagy we milli Konstitusiýa ýurt berkararlygymyzyň goşa ganatydyr. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly dabara bilen bilelikde bellenilýär. Ýurdumyzda bu iki mukaddesligiň bilelikde baýram edilmeginde uly many, mizemez bitewülik bar. Mukaddes türkmen tugy-halkymyzyň pähim-paýhas çyragy. Ýaşyl tugumyzda halkymyzyň ar-namysy, lebiz-ygrary, Watana, mukaddes topragymyza bolan çuňňur söýgüsi jemlenendir. Konstitusiýamyz bolsa, halkymyzyň şu günki hem geljekki nesilleriniň abadançylygy, şeýle hem gülläp ösmegi üçin döredilen we bütin halkymyz tarapyndan ykrar edilen Baş Kanunymyzdyr.
Goý, halkymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren, tutuş dünýä dost-doganlyk, parahatçylyk gujagyny açyp, ýurdumyzy beýik ýeňişler bilen beýgeldýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljennet BAÝMÄMMEDOWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby