Dark
Light
24.01.2026
mas uny THE ASHGABAT TIMES

Türkmen azyk biotehnologlary täze önümleri işläp taýýarlaýarlar

15.06.2024

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary iýmit tehnologiýalary barlaghanasynda kädi we mäş ununy, ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň, agynyň şeýle hem gabygynyň tozuny işläp taýýarladylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň 10-njy iýunda beren habaryna görä, kädi ununy köp mukdarda beta-karotini, belogy, kletçatkany, witaminleri we minerallary özünde jemleýär. Barlaghananyň ýaş alymlary ony çörek we süýji-köke önümleriniň düzümini baýlaşdyrmak teklip edýärler. 

Alymlar kädi ununy we ondan bişirilen kökäni azyk önümçiligine girizmegiň üstünde işleýärler. Kädi uny azyk senagatynda reňk berýän tebigy serişde hökmünde hem ulanylar.

Habarda bellenilişi ýaly, mäş ununyň düzüminde kleýkowinanyň ýokdugy, beloklara, kletçatkalara, witaminlere, mikroelementlere baýlygy we ýeterlik derejede kaloriýasynyň bolmagy bilen tapawutlanýar.

Mäş unundan bişirilen çörek önümleriniň ýokary ýokumlylygy olary keselden soňky ýagdaýda we surnukmadan adam bedenini dikeltmek üçin iýmit önümi hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylmy usuly ýurduň azyk senagaty kärhanalarynda durmuşa geçirmek üçin içerki telekeçilere hödürlenýär.

Şeýle-de alymlar barlaghana şertlerinde ýumurtga tozuny, ýumurtga sarysynyň, agynyň şeýle hem gabygynyň tozuny oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitini minerallar, esasanam, kalsiý bilen baýlaşdyrmakda ulanmak üçin teklip edilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

humaya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

AŞTU «Uly Gaýa» bilen täze «Smart Goldaw» hyzmatyny işe girizdi

herd 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýabany Przewalskiniň atlary iki asyrdan soň Gazagystana gaýdyp gelýär

Soňkylar Tehnologiýa

AI programmalar

AI programmalary ösüşi öňe sürülýär

21.01.2026
2025-nji ýylda dünýä sarp edijileri ilkinji gezek oýun däl mobil programmalara oýunlardan has köp pul harçladylar. Bu maglumatlar Sensor Tower kompaniýasynyň ýyllyk State of
Amazon

Amazonyň paýdarlary AWS-e daýanýar

21.01.2026
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň maýa goýujylary, soňky ýyllarda “Big Tech” bäsdeşlerinden yzda galan paýnamalaryň ýene-de bazar liderligini dikeldip biljekdigine ynanýarlar. Optimistik garaýyş esasan Amazon Web

MAGLUMAT TEHNOLOGIÝASY ÖSÜŞI, ULGAMLARY WE GELJEK TENDENSIÝALARY

11.01.2026
Ylmy işi Giriş Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de san­ly ul­gam ös­dü­ril­ýär, iň döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Şu ugur­da, esa­san hem, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň,
GitTop