5 1718442233 THE ASHGABAT TIMES

TDIM-niň HGI-de «Uçurym — 2024» dabarasy geçirildi

15.06.2024

2024-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda uçurymlaryň baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, talyplardyr magistrler, şeýle hem uçurym talyplaryň ata-eneleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda institutyň professor-mugallymlary gutlag sözleri bilen çykyş edip, uçurymlara ak ýol, üstünlik arzuw etdiler. Çykyş eden halypa mugallymlar häzirki zaman şertlerinde halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmek wezipesiniň diplomatik gullugyň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny, çuňňur bilimi we başarnygy, hemmetaraplaýyn taýýarlygy talap edilýändigi, geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak babatda institutda ähli şertleriň döredilendigini bellediler.

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. Olar Daşary işler ministrliginiň ulgamyna, hukuk goraýjy edaralaryna, Ykdysady we maliýe toplumyna, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetine, şäher we welaýat gazetleriniň redaksiýalaryna işe ugradyldy. Şu okuw ýylynda bolsa talyplaryň 80-si, magistrleriň 62-si türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebini üstünlikli tamamlap, olaryň 12-si ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlamagy başardylar. Dabaranyň dowamynda olara Hormat hatlary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda halkara žurnalistikasy fakultetiniň uçurymy Şeker Hudaýberenowanyň ejesi gutlag sözleri bilen çykyş edip, ýaş hünärmenleri ýetişdirmek babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Sahnada uçurymlaryň talyplyk ýyllaryndan alnan suratly pursatlaryň görkezilmegi bolsa dabara gatnaşyjylarda özboluşly tolgunmalary döretdi. Baýramçylyk dabarasy joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Institutyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň talyplary bilen bir hatarda uçurym talyplar özleriniň sahna ussatlygyny görkezip, dürli daşary ýurt dillerinde aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar türkmen diplomatiýasyny bütin dünýäde dabaralandyryp, halkaraçy ýaşlary taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
130624 009 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýylyň ýylyna amala aşyrylýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümini geçirmek boýunça raýatlardan teklipleri kabul edýär

2 1700483000 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň II halkara teatr festiwaly Aşgabatda geçiriler

Soňkylar Habar

Зелёная дипломатия

Azerbaýjanyň ýaşyl diplomatiýasy

06.02.2025
COP29-nyň netijeleri we geljekdäki borçnamalary: Azerbaýjanyň COP29-da gazanan üstünlikleri, şol sanda Howa we Parahatçylyk başlangyjy, we Merkezi Aziýa, CAREC, SPECA we Hazar deňzine ünsi
GitTop

Don't Miss